Syr alyp syr berişýän
Söwer dostuma meňzäp,
Kakdyň ýene gapymy,
Meniň paýhasly güýzüm.
Ýene duýgy köňülde
Oýandy müňzäp-müňzäp,
Duýgulaň agramyndan
Epilip barýar dyzym.
Güýzüm! Güýzüm! Sen edep,
Sen bir nusga, sen many,
Açýan seniň öňüňde
Syrlarymyň baryny.
Sen dumanly topragyň
Hem çal siňen asmanyň
Bile meniň köňlüme
Saçýaň paýhas nuruny.
Düşünýärsiň: güýz pasly
Ahyret däl, öçmek däl,
Sowap barýar asmanda,
Ýogsa, hanha sary Gün
Güýz diýen — sahylykdan,
Nur eçilmekden nyşan,
Biziň mydam sahylyga,
Nura mätäç jahanda.
Düşünýärsiň: şöhrätsyz,
Ýörenlere şan-şöhrat,
Atsyzlara oňat at,
Tapsyzlara tap berseň,
Maksatsyzlara maksat,
Myratsyzlara myrat,
Köňülleri körlere
Bir dana kitap berseň.
Seljerseň görip meýin
Dosty-ýaryň meýinden,
Ynsap, hakykat bolsa
Ähli baýlygyň — malyň
Sözler birden ýarylsa
Ýürekleriň teýinden,
Güýzän güýz ternelerniň
Täsin ýarylşy ýaly.
Güýzüm! Çigrek gijeleň,
Şemal şuwlap geçende,
Birden düşýär ýadyma
Neresse dosty-ýarlam.
Gör, olaň näçesi ýok
Az salymyň içinde?!
Şoň üçin gadryn bilýän
Şindi jahanda barlaň.
Törpüle sen duýgymy,
Goý, inçelsin — men kaýyl.
Bolsun ýakynyň-ýadyň
Agysyna dözümsiz,
Seniň görküňe maýyl,
Seniň erkiňe maýyl
Günlem, şatlykdan ýaňa
Goý, üzülse üzülsin.
Ýapraklaryň basgylap,
Ýuwaş ädimläp barýan,
Şuwwuldaýar gam bolup,
Çigrek şemal şahada,
Güýz diýen sahylykdan,
Nur eçilmekden nyşan,
Biziň mydam sahylyga
Nura mätäç jahanda.
Gurbannazar Ezizow