Eger-de siziň iňňeleriňiz, iňňebagjyklaryňyz, jorap örýän çişleriňiz poslan bolsa, onda olary bölek sabyna dürtüp, birnäçe wagt saklasaňyz arassalanar.
***
Äpişgeleri hem aýnalary duzly suw bilen ýuwsaňyz ýalpyldar.
***
Gülli egin-eşikleri duz garylan sowuk suwda ýuwsaňyz, olaryň reňki üýtgemez.
***
Kütek pyçaklary çalmazdan öňürti, olaryň ýiti tarapyny ýeňiljek duz garylan erginde ýarym sagatlap saklamaly.
***
Süýt bişirilende düýbi ýanyp, süýde ysy ursa, onda oňa az-owlak duz atyp sowatsaň onuň tagamy gowulanar. Eger-de süýt çogup dökülse, onda ol ýere duz sepseň ýanyk ys aýrylar.
***
Eger-de süýt çüýrese, gynanmaň, ony hojalykda peýdaly zada ulanyp bolýar. Çüýrän süýde suw goşup, äpişgeden asylýan örme tutulary ýuwsaňyz täzelenen ýaly bolar.
***
Turşan süýt örän oňat agardyjydyr, onuň ergininde ak egin-eşikleri 3-4 sagatlap saklasaňyz, gymmat bahaly agardyjylar derkar bolmaz.