Resul Bekesov
25.12.2019 09:33
Yza ýol ýok.
Düşer içiñe birden
Şatlykly gam, ýuwaşdan dam
Köl bolup gideli ýör
Baglaryñ arasynda, arasyndan
Atdymy dañ, güneşiñ sarysyndan
Öwrüldik garasyna
Bir görsem ömrümiñ ýarysynda
Bakyp durs dünýäniñ gyrasyndan
Hemmezat geçip barýar, geçip barýan
Dünýänem saklap bolanok düşüp
Galaýyn disemem saklap bolanok
Sagatlar kesip barýar
Depip barýan, kirli palçykdan
Daşly gumlar, hoş oglanlar
Ýene düşdümi bu gije eje
Ýene düşdümi bu gije eje

Geçdimi ýyllar, ýyllar bilmän durkañ
Geçipdir ýyllar, ýyllar irden tursam
Gözledim yza ýol barmy ýa-da ýok
Ýöne yza ýol ýok, ýöne yza ýol ýok

Kelleden gün geçýänçä
Çagalyk geçdimi
Eje dyzlam ýene gan
Ýaralar geçdimi
Näçe güýz gyşy geçdiñmi
Çyndanam geçdimi
Gizlendim tapmadylar
Burça geçdiñmi
Kelleden gün geçýänçä
Ýaralar geçdimi geçdimi.

Men dädemiñ ýanynda däde boljak
Çaltyrak ulalyp dogtor boljak
Kazy boljak, pasyllañ ýazy boljak
Ýok men birden
Hiç-zat bolmasamam adam boljak
Däde, menem sen ýaly ýadaw boljak
Ýykylsa birden ol ýara boljak
Sara gowja
Gitsin ol bulutlar bilen
Älem goşarlar umytlar bilen
Ýatlaly bile oýnamak süýji
Gutarma süýjini, çagalyk güýji bu
Ýatladar hökmän, geçmersiñ bökmän
Dişleri dökmän, geçmersiñ bökmän
Ýene düşdümi bu gije eje
Ýene düşdümi bu gije eje

Geçdimi ýyllar, ýyllar bilmän durkañ
Geçipdir ýyllar, ýyllar irden tursam
Gözledim yza ýol barmy ýa-da ýok
Ýöne yza ýol ýok, ýöne yza ýol ýok

Abdy daýy Aragon. (Yza ýol ýok)
Repdan alynan sözler.
2
327
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.