barlagcy
06.09.2020 15:05
Mahal-mahal gözleriňe
Içgin-içgin bakamda,
Pikir edýändir öýtmegin
Seniň gözleň hakynda.

Mahal-mahal ýagşy, ýumşak
Söhbet gitse arada,
Pikir edýändir öýtmegin
Saňa Söýgim barada.

Mahal-mahal alyşylýan,
Berişilýän sowgatda
Bir ýokundy bardyr öýtme
Seniň Wepaň babatda.

Mahal-mahal päkligiňi
Wasp edemde lirada,
Ol häzirki Sen däl-de,
Ozalky Sen barada.

Mahal-mahal hatyraňa
Edenimde ýagşylyk,
Ol bu günki ýagşa däl-de,
Düýnki ýagşa ýagşylyk.

Öňki gözleriň üçin,
Öňki wepalaň üçin,
Öňki sözleriň üçin,
Öňki jepalaň üçin

Müň esse artygy bilen
Üzüp ýörün hakyňy.
«Bir gün söýgä müň gün salam!»
Täzeledim nakyly.

Kerim Gurbannepesow
16
99
barlagcy
7 Sentýabr 2020
BAHARA, salam yegen hos geldin barlay dayyn gidenoga su yerden
BAHARA
7 Sentýabr 2020
Dayymam bar ekena ?
MerjenBegowa
7 Sentýabr 2020
???
Bts
6 Sentýabr 2020
Hehehe bir gun soyga mun salam.. gowy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.