barlagcy
05.09.2020 16:05
Güýz güni. Howanyň
Ýüzi diýseň çal, —
Baglaryň iň soňky
Ýapragy gaçýar.

Gark bolup gojaman
Daglar dumana,
Tukat nazar bilen
Bakýar ummana.


Ýat edýär köl-derýa,
Ördegin-guşun.
Söýýän güýz paslynyň
Tukat görnüşin!

Bilýän, guşlar geler
Derýadyr köle.
Baglar ýaşyl donun
Geýer müň ýola.


Ýöne nämüçindir
Güýz howasy dek,
Ýumşak gussa bilen
Örtülýär ýürek.

Goýup ýüregimde
Bitmejek yzy.
Geçdi bu ömrümiň
Gelmejek güýzi.

Gurbannazar Ezizow
19
253
November05
9 Oktýabr 2020
Myhman Myhman,howwa myhman yone herkimin hasiyeti doglan pasylyna menzeya(meninpikirim)
Myhman Myhman
8 Oktýabr 2020
Adam häsiýeti haçan doglandygyna bagly däl ahyryn
November05
8 Oktýabr 2020
Mutsuz,salam Alma yok taze dal on tanysypdyma senin bilen Güljemal men
barlagcy
8 Oktýabr 2020
November05, howa her paslyn ozine yeterlik owadanlygy ayratynlygy bar
Mutsuz
8 Oktýabr 2020
November05, salam gowumy siz taze geldinizmi??
November05
8 Oktýabr 2020
Barlagcy,Bolup biler.Sebabi gys paslynyn ozi bir ayratyn owadan
Myhman Myhman
7 Oktýabr 2020
Waý menä güýzüň iň soňky gününde doguldum aýratynlyk gerek hä???
barlagcy
6 Sentýabr 2020
MerjenBegowa, salam melek kop sag bol janyn sag bolsun jigim minnetdar sana

November05, Men bir zat esitfim tazelikde gysda dogulan adamlar guyzde dogulanlardan has gowy adamlar bolya diyya hemme taraplayyn.
November05
6 Sentýabr 2020
BagtyýarGeldiýew,Dogry sola menkem guyzde?
MerjenBegowa
6 Sentýabr 2020
Barlagcy,goşgy gaty gowy Döwran aga nirede siziň adyňyz bolsa gosgyyy dýp göni girýän okamakam like goyyp rugsat alýan teswir goýup halanymy aydyan....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.