"Bytedance" Pekiniň Rugsadysyz Tiktoky satyp bilmez!
ByteDance kompaniýasy TikTok serwisini diňe hytaý hökümeti bilen ylalaşykda satyp bilýär. Bu emeli intellekti peýdalanyp, habar önümlerini eksport etmek gurşawyndaky çäklendirmeler bilen bagly. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Täze çäklendirmeler, esasan, teksti seljermek, sözleýşi we sesi anyklamak tehnologiýasyna, şeýle-de mazmuny hödürlemek ulgamyna degişli – bu tehnologiýalaryň HHR-den eksporty indi Hytaý hökümetiniň ygtyýarnamasy bolmasa amal edilip bilinmeýär.
Pekiniň şeýle ädimi TikTok-yň eýesi ByteDance hytaý kompaniýasyna programmanyň amerikan bölegini Microsoft, Walmart,
Oraclewe
Twitter ýaly geljekki satyn alyjylar bilen gepleşikleri çalt tamamlamaga mümkinçilik bermez.
Bloomberg girizilýän çäklendirmeleriň ByteDance tarapyndan TikTok-da ulanylýan tehnologiýalara gönüden-göni degişlidigini we kompaniýa satuw işini amal etmek üçin HHR-iň hökümetinden rugsat almalydygyny belleýär. Hökümetiň maksady şertnamany doly gadagan etmek däl-de, diňe TikTok-yň satuw möhletini yza süýşürmekden ybarat diýip, agentligiň söhbetdeşi aýdýar.
Ýatlap geçsek,
Donald Trampyň gol çeken kararyna laýyklykda, TikTok-yň eýesine özüniň programmasyny satmak ýa-da biznesi ABŞ-nyň garamagyna geçirmekden boýun gaçyrmak üçin 90 gün möhlet berilýär. Muňa jogap hökmünde
ByteDance kompaniýa garşy girizilen sanksiýany “güýçli syýasatlaşdyrylan” diýip atlandyrmak bilen, ABŞ-nyň edarasyny kazyýete berdi.
Microsoft we Walmart konsorsiumy Demirgazyk Amerikada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada TikTok-yň işini satyn almaga esasy dalaşgärler bolup durýar. ByteDance munuň üçin $30 mlrd almak isleýär, ýöne geljekki alyjylar şeýle puly tölemäge taýýar däl.
HHR-iň söwda ministrliginiň habarnamasynda eksport çäklendirmeleriniň astyna düşýän tehnologiýalaryň sanawynyň soňky gezek 2008-nji ýylda üýtgedilendigi we ylmyň hem-de tehnologiýalaryň çalt ösüşini, şeýle-de hytaý senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň “dowamly ösüşini” nazara almak bilen, oňa düzedişleri girizmegiň hökmany bolandygy bellenilýär.
Taýýarlan: Akbaýew HangeldiÇeşme: https://interfax.ru/