Dowamy (19)...
Bagtyýar bu hekaýaty aýdyp bolansoň:
– Eý, älemiň patyşasy! Bu kyssada akylly kişilere köp öwüt-ündeler bardyr. Mundan maksat şudur: Taňrynyň binýadyny ýykmaga gyssanmazlyk gerekdir. Adam ogly Taňrynyň binýadydyr. Eger hajyp oglany öldüren bolsady, hatyn zary-girýan bolup, gaýgy-hasraty köňülleri ýakardy, köp puşmanlyklar bolardy. Indi meni öldürmäge gyssanmagyn. Bir gün meniň hem päkligim bilner. Meniň diriligimden patyşa üçin köp peýdalar bolar – diýdi.
Soňra patyşanyň buýrugy bilen ony ýene-de zyndana eltdiler.
* * *
Ertesi, daňdan patyşa ýene-de tagtyna çykyp oturdy. Baş wezir ähli wezirleri ýygnap, patyşanyň gaşyna geldi hem-de wezir ileri çykyp:
– Patyşanyň işi günäni bagyşlap, melamata galmak boldy. Perman bersin, başga bir çäre gözlemäliň – diýdi.
Muny eşiden patyşa:
– Eltiň-de asyň – diýip buýurdy.
Bagtyýar patyşanyň gaşyna getirilende:
– Eý, älemiň şasy! Bilgin, adam ogly dirikä Taňrynyň takdyryndan aman bolmaz. Meselem, Hyjaz patyşasy hem ogluny kaza-takdyrdan gaçyrypdy, emma ahyrynda öz takdyryna uçrapdy. Eger soltan buýursa, Hyjaz patyşasy hakynda bir ajap hekaýat aýdyp bereýin – diýdi.
Patyşa:
– Ol niçiksi hekaýat? Aýt eşideliň – diýdi.
***
HYJAZ PATYŞASYNYŇ HEKAÝaTY
Bagtyýar söze başlady:
– Patyşa mälim bolsun, Hyjaz yklymynda bir patyşa bardy. Mal-nygmaty köpdi, emma hiç bir ogly ýokdy. Ol hemişe: «Menden soňra ýerime patyşa bolar ýaly Taňrytagala maňa bir ogul beräýse niçik bolardy?!» diýýärdi. Ahyrynda Beýik Taňry oňa bir ogul bagyş etdi. Müneçjimler onuň täleýine garap:
– Bu oglan ýedi ýaşyna ýetende bir kaza-takdyra uçrar. Eger şol kazadan aman-esen geçäýse, onda patyşanyň ölümi şu oglanyň elinden bolar – diýýärler.
Onda patyşa:
– Ähli halk ogul dünýä inse şat bolýar, men bolsa gam-gussa düşdüm – diýýär.
Oglan ýedi ýaşyna ýakynlaşanda patyşa ogluny gizlemek isledi. Emma öz eli bilen takdyra tabşyrýandygyny bilmedi. Ol ynsanlyk çäresi bilen Ylahy takdyry bozup bolar diýip hasaplady.
Bir dagyň başynda bir guýy gazdylar. Oglanjygy bir eneke bilen bilelikde şol ýerde goýdular. Daş-töwereginde gözegçiler hem goýdular. Her gün içer-içer ýaly zatlary elterdiler. Hepdede hem bir gezek baryp, guýudan çykaryp görerdi. Günlerde bir gün bir arslan bir janawary bu ýere kowalap getirdi. Ol janawar özüni guýa oklady. Arslan hem onuň yzyndan aşak bökdi. Arslan oglanjygyň golundan ýapyşyp, daşary atyp goýberdi. Eneke bilen awuny bolsa, iýdi. Misgin oglanjyk ýaralanyp, gorkusyndan bir tarapa gaçdy. Bir derä girdi-de ýykylyp galdy. Ol ýerden bir düeçi geçip barýardy. Görse, bir aý ýaly oglan gana bulaşyp ýatyr. Gözlerinden ýaşlar rowana bolup dur. Düeçi:
– Eý, janym ogul, näme boldy, nämä uçradyň? – diýip sorady.
Ol oglanjyk:
– Meni it dişledi – diýdi.
Düeçi görse, ýara uly eken, onsoň oglanyň arslana duçar bolandygyny bilip:
– Ataň-eneň barmydyr? – diýip sorady.
Oglanjyk:
– Bardyr, emma enemi it iýen bolsa gerek – diýdi.
Düeçi oglany göterip, düýä mündürip, öýüne getirdi. Onuň öýi bir welaýatdady. Ol oglana oňat seretdi. Oglan ýagşy boldy.
Patyşa ýene-de guýynyň ýanyna geldi. Görse, guýynyň düýbünde bir arslan dur. Ah çekip, ýakasyny ýyrtyp, aglady hem-de:
– Eý, daryg-a! Jigerköşämi arslan iýipdir – diýip, aglaý-aglaý öýüne geldi.
Ulular öwüt-nesihat berip:
– Näme boldy?! Diri bolsa seni öldürerdi – diýdiler.
Oglan sag-salamat galdy. Ol on bäş ýaşyna ýetende örän batyr edermen ýigit bolup ýetişdi. Birnäçe atly bilen garakçylyga meşgul boldular. Il-welaýat düýrülip-ýygnanyp, patyşanyň gaşyna geldiler hem-de:
– Pylan ýerde birküç sany garakçy döredi. Ýol kesip, il talaýar. Dowarlaryň birini-de goýmady, elimizden aldy – diýip, arz etdiler.
Patyşa: «Tutuňlar, gyryňlar» diýip, goşun iberdi. Olar baran goşuny ýeňip dargatdylar. Patyşa bu batyrgaýlygy eşidip, özi-de ata atlandy. Ogly atasy bilen garşylaşdy, garpyşdy hem-de atasynyň başyna gylyç urup, agyr ýaralady. Ahyrynda ata haýbaty üstün gelip, daş-töwerekden batyrlar ýetip gelip, oglany tutdular-da daňdylar. Patyşa özüni ýaralany gaşyna getirdip, müneçjimleri çagyrdy hem-de:
– Siz ýalňyş aýdypsyňyz. Siz ölmek oglumyň elinden bolar diýipdiňiz – diýdi.
Müneçjimler:
– Bu oglan seniň ogluň bolup çykaýsa hem geň däldir – diýdiler.
Onda patyşa:
– Bu diýýän sözüňiz näme? – diýdi.
Olar:
– Bu oglany getiriň, soraň – diýdi.
Patyşa oglany gaşyna getirdip:
– Eý, oglan, kimiň ogly sen, haýsy ilden sen – diýip sorady.
Ol oglan:
– Haýsy ildendigimi bilmeýärin. Emma şuny bilýärin, atam patyşady. Meni bir dagda bir guýynyň içinde goýdy. Hemişe gelip, meni görerdi. Bir gün bir arslan özüni guýa oklady. Meniň elimden agyz urup, meýdana atyp goýberdi. Ýaralanyp gaçdym. Bir derä düşdüm. Ol ýerde bir düeçi maňa duçar bolup, öýüne eltdi, bejerdi. Şeýdibem şu ýagdaýa duçar boldum – diýdi.
Patyşa muny eşidip, ýanyndakylara buýruk berdi. Onsoň olar onuň el-aýagyny çözüp, patyşalyk täjini oglanyň başyna geýdirdiler. Patyşa:
– Eý, Taňrym! Müňde bir şükür. Özümden soň tagta çykar ýaly bir ogul tapyldy – diýdi.
Atasy şol ýara sebäpli dünýäden ötüp, ahyrete göç etdi. Oglan hem öz atasynyň ýerine patyşa boldy.
Dowamy bar...