Dowamy (18)...
Rum kaýsary bu namany eşidip, örän gaharlandy. Haty ýyrtyp:
– Men gyzymy ýaňy gurulan bir asylsyz dikmä bermerin – diýdi.
Ilçi yzyna dolanyp gelip, ýagdaýy habar berdi hem-de:
– Seniň patyşalygyňa begenmedi, guwanmady. Sen onuň gözüne örän pes göründiň – diýdi.
Muny eşiden patyşa gazaba mündi. Onuň buýrugy bilen hazynalaryň gapylaryny açdylar. Baýlyklary çykaryp, goşuna paýladylar hem-de Rum kaýsaryna garşy hereket etdiler. Wezir patyşadan öň goşunyň pälwanlaryndan we beýik ärlerinden birnäçesine: «Baryň, duşmanyň iline akyn edip, göreniňizi gyryň» diýip, görkezme berdi.
Goşun Rum iline girip, kimi görse gyrdylar. Rum kaýsary segsen müň är bilen bu goşunyň garşysyna çykyp, hüjüm etdi. Bular diwarlar gurup, olaryň köp kişisini öldürdiler. Rum kaýsary ýeňildi we gaçyp gutuldy. Olar: «Näme ederis?!» diýip, dertli maslahatlaşdylar. Wezirler:
– Bu goşun bilen hiç kim söweş edip bilmez. Maslahat şeýle, gowusy gyzyňy berip, ýaraşyk etgin – diýdiler.
Kaýsara bu teklip ýarady. Onsoň bir uly ilçiler toparyny düzüp, ugratdy. Olara:
– «Şa meniň gyzymy diledi. Perman oňuňkydyr. Haçan islese häzirdir, alyp gitsin» diýip, men tarapdan ötünçler diläň – diýip buýurdy.
Soňra gyzynyň şaý-sepini düzüp, iberdi. Bu gyzyny ol öň birine äre beripdi. Ol ýigit bir söweşde wepat bolupdy. Ondan bir oguljygy bardy. Gyzyň atasy Rumuň kaýsary öz gyzyna: «Ol ýere baranyňda öň äre barandygyňy hem-de ogluň bardygyny bildirseň bolmaz» diýip tabşyrdy. Kaýsaryň gyzy atasynyň bu sözüni gaýym tutdy, hiç kime hiç zat diýmedi.
Şeýlelikde, gyzy patyşanyň gaşyna getirdiler. Patyşa ony örän söýdi. Hazynalaryny açyp, kaýsaryň gyzyna tabşyrdy. Oňa ajaýyp we nepis zatlary bagyş etdi. Emma hergiz gyzyň köňli açylmady. Bardykça oguljygy ýadyna düşüp, gussasy artdy. Mydama: «Oguljygymyň jemalyny görmek üçin näme etsemkäm» diýip, pikirlenýärdi. Patyşanyň gaşynda oturyp, atasynyň patyşalygy, ili we welaýaty hakynda gürlärdi. Patyşa ondan:
– Täk-towsak ataň gaşynda näme bar, aýt – diýip sorady.
Ol gyz:
– Atamyň bir guly bar. Onuň ýaly gul hiç bir patyşanyň gaşynda ýokdur. Ylymda, hünärde hiç kim oňa meňzäp bilmez – diýdi.
Patyşa:
– Eger men dilesem ony maňa bermezmi, bileňokmy? – diýdi.
Ol gyz:
– Mümkin zat däldir. Çünki ony janyndan hem ýegräk söýýär. Emma eger görmek isleseň, ogurlar ýaly bir kişi iber. Men oňa bir zat öwredeýin. Şonda ol ony ele salyp biler – diýdi.
Patyşa bir akylly-parasatly bezirgeni getirdiler. Oňa köp mal-baýlyk berdi. Hatyn bezirgene:
– Ol oglan meniň oglumdyr. Oňa: «Ejeň seni çagyrýar. Gel, seni alyp gideýin» diýgin – diýip tabşyrdy.
Bezirgen Rum welaýatyna girip, soraý-soraý oglany tapdy. Onuň keşbini görüp, haýran galdy. Pursat tapyp, oňa ejesiniň habaryny ýetirdi. Oglanyň gözleri ýaş bilen doldy hem-de:
– Äşgärlikde gidip bilmerin – diýdi.
Onsoň bezirgen bir sandyk ýasadyp, oglany sandygyň içine saldy. Soňra Rumuň çäginden çykyp, Yrak welaýatyna girdi. Oglana dürli donlar geýdirip, patyşanyň gaşyna getirdi. Patyşa oglany görüp, haýran galdy hem-de:
– Aperin, Beýik Taňry neneňsi gözel ýaradypdyr! – diýip, geň galdy.
Misgin, garabagyr enesi ony uzakdan görmek bilen kanagatlandy. Bir gezek ol: «Gözümiň nury bilen birki agyz gürleşmäge, onuň gözellik bagyndan birküç gül tirmäge haçan pursat tapylarka?» diýip, pikire çümüp durka, birden şol gün patyşa awa gidýär. Köşk hylwat bolup – boşap galýar. Ýaňky oglan köşgüň içinde oýnap ýörkä, enesi ony çagyryp, gaşyna getirdi. Eneli-ogul biri-biriniň wysalyna gowuşdy. Iki sany hasratdaş biri-birini tapyp, biri-birine çyrmaşdy. Kä ýüzüne ýüzüni sürtdi, kä bagryny bagryna basdy. Birküç keleme söz sözleşip durkalar, birden bir gapyçynyň gözi olara düşdi. Ol gapyçy:
– Patyşanyň köşgi amanat ýeridir, hyýanat ýeri däldir – diýdi.
Patyşa köşgüne gelende, ýaňky gapyçy patyşa garap:
– Patyşa hezretlerine mälim bolsun, hatyny şol Rumdan gelen gul bilen bile gördüm. Sözleşip durdylar – diýip, habar berdi.
Bu sözden patyşanyň köňli gussa düşüp:
– Bu hatyn meni mekirlik duzagyna düşürdi. Meni ejiz görüp, magşugyny gaşyna getirdi – diýip, içini gepledip, hatynyň gaşyna geldi we gam-gussaly oturdy.
Hatyn ol işiň patyşanyň gulagyna ýetendigini bilip:
– Eý, jahanyň şasy! Mübärek ýüzüňizde gam eseri we gussa nyşany bar. Onuň sebäbi nedir? – diýip sorady.
Patyşa:
– Şol arzuw bilen getiren guluň seniň bilen gepleşipdir diýip eşitdim. Utanmaýarmyň, bir guly ýar edinip, ygtyýar edipsiň?! – diýdi.
Onda hatyn:
– Zynhar munuň kibi hyýaly eziz we mübärek kalbyňdan geçirmegin. Bu duşman sözüdir. Ne mende onuň kibi hal bar, ne ol gulda onuň kibi hyýal bar. Heran-haçan şonuň ýaly ýagdaýda görseň, kes başymy, dök ganymy – diýdi.
Patyşa ol hatyny örän söýýärdi. Bu söz bilen onuň gazap ody söndi. Ol: «Bu işiň jezasyny gula bereliň» diýip, bir hajybyna:
– Bar, şol oglany şu gije öldür. Ýöne hiç kimse duýmasyn – diýip buýurdy.
Hajyp oglany alyp öýüne getirdi. Oglan ýagdaýyň nähilidigini bilip aglady. Hajyp onuň ýagdaýyna köýünip, ýüregi awap:
– Eý, oglan! Ol ýeriň patyşanyň köşgüdigini, hyýanat ýeri däldigini bilmeýärmidiň?! – diýdi.
Onda oglan:
– Bilgin, men ol hatynyň öňki ärinden bolan ogludyryn. Ejem oglum diýmäge utanýar. Emma meni getirtdi hem-de şu bela uçratdy. Yşk bilen müşk gizlenmez, palçyk bilen güneş örtülmez. Meni görende enelik söýgüsi üstün bolup, meni tutup, halymy sorady. Şeýdip, bu ahwalyň soňuny şunuň ýaly ýagdaýa ýetirdi – diýdi.
Hajyp:
– Seniň işiňi Beýik Taňry oňuna etsin! Misgin eneň oguljyny öldürmäge alyp gidendiklerini bilse neneňsi bolar?! – diýdi.
Soňra: «Gowusy, muny öýümde gizläýin. Munuň kibi güli soldurmak we munuň kibi nowjuwanyň ömrüni gysgaltmak haýpdyr. Ahyrynda bu işiň hakykaty bilnip, patyşa eden işine puşman eder. Belki, şonda oglanyň diriligini bilip, maňa köp mal-nygmat bagyş eder» diýip, oglany öýünde gizledi. Soňra patyşanyň gaşyna baryp: «Öldürdim» diýip, habar berdi. Şeýdip, patyşanyň köňlünden ol gussa çykyp gitdi. Emma şondan soň ol hatyn bilen öňküsi ýaly gatnaşykda bolmady. Misgin hatynyň ody üsti-üstüne boldy. Biri oglunyň hasraty, beýlekisi äriniň ynjandygy. Günbe-günden gussasy artdy. Örän biçäre bolup galdy. Haktagala sygyndy.
Ol patyşanyň köşgünde bir garry aýal bardy. Patyşa oňa örän ynanýardy. Ol aýal hatynyň gaşyna gelip:
– Eý, hatyn! Seni hemişe gam-gussaly görýärin. Onuň sebäbi nedir? – diýip, sorady.
Hatyn gussasyny we kyssasyny owaldan-ahyra baryny aýdyp berdi. Garry kempir muny eşidende, oňa:
– Indi artyk gussa iýme. Men bu işiň çäresini taparyn. Şeýle bir iş ederin welin, bu zat şanyň köňlünden çykar gider – diýdi.
Hatyn:
– Eger, sen şeýle edip bilseň, seni altyna batyraryn – diýdi.
Garry kempir patyşany görse, dälizde gussaly otyr. Onsoň:
– Eý, jahanyň şasy! Gussa deňzine batyp, gark bolup dursuň. Seni hemişe perişan halda görýärin. Sebäp nedir? – diýip sorady.
Patyşa:
– Eý, enem! Meniň bir gussam bar. Ne inmäge ýarar, ne gezmäge. Rum ilinden getirden gulum bilen şu hatyn hakynda gürrüň edýärler. Ol oglany öldürtdim. Bu hatyny bolsa, öldürmäge köňlüm gyýanok. Bu işiň çäresini bilebilmedim – diýdi.
Onda garry kempir:
– Eý, jahanyň şasy! Eger men bu işiň hakykatyny bilsem ne bolar? – diýdi.
Patyşa:
– Eger sen bu işiň hakykatyny bilip berseň, köňlüň islän ähli maksat-myratlaryňy taparsyň – diýdi.
Garry kempir:
– Mende bir heýkel bardyr. Ol Süleýman pygamberiň zamanyndan galandyr. Ony Asyf wezir öz eli bilen ýazypdyr. Şeýle-de bir açar bardyr. Ony Dawut pygamber hut öz eli bilen ýasapdyr. Gije, ol hatyn uka giden wagty, şol açary onuň başynyň astynda, heýkeli bolsa, göwsüniň üstünde goý. Şonda ol başyndan näme geçen bolsa, birin-birin saňa aýdyp berer. Şeýdip, bu işiň hakykatyny bilersiň – diýdi.
Ondan soň garry kempir oturan ýerinden turdy-da, hatynyň gaşyna geldi hem-de oňa:
– Men şeýle çäre tapdym. Bu gije patyşa seniň bilen şeýle-şeýle iş eder. Sen hem şonda kalbyňdaky dagyň we ahy-zaryň barada aýt. Şonda gussadan gutularsyň – diýip öwretdi.
Gije boldy, hatyn ýatdy. Ol özüni ukuda ýatan ýaly görkezdi. Biraz wagtdan soň patyşa geldi-de açary onuň başynyň astynda, heýkeli hem göwsüni üstünde goýdy hem-de garaşyp oturdy. Misgin hatyn ähli çeken we çekýän gussasyny birin-birin aýtmaga başlady. Ilki bir ah çekdi, soňra söze başlady:
– Meniň öňki ärimden bir oglum bardy. Hemişe köňlüm eklenjisi we janym diklenjisidi, iki gözümiň nurly rahaty şonuň bilendi. Atam meni bu patyşa beren wagty ol maňa: «Äre baranyňy hem-de ogluň bardygyny oňa aýtmaly dälsiň» diýip tabşyrypdy. Bu ýere gelenimden soň patyşadan utandym hem-de atamyň sözüni syndyrmadym. «Oglum bardyr» diýmedim. Ýöne akylymyň egliginden oglumyň pyrak-aýralygyna çydap bilmedim. Pyrak ody hetden geçip, suw başymdan agandan soň hile etmeli boldum. «Bir guldur» diýip, ony bäri getirtdim. Daşyndan ýüzüni görmek bilen kanagat etdim. Bir gün köşgi boş görüp, onuň ahwalyny soramak, biraz ýüz-gözünden öpmek, guçmak hem-de aýralyk teşneligini wysal şeraby bilen gandyrmak isledim. Emma bu ýagdaý patyşanyň gulagyna degipdir. Onsoň onuň buýrugy bilen men ejiz biçärä dözmezlik etmezden oguljygymyň başyny kesdiler we getirip patyşa görkezdiler. Şeýdip, köňlüme we janyma ot urdular. Oguljygym öldi gitdi. Oňa şol ýatan ýerinde Alla rehmet eýlesin. Patyşaha bolsa, uzak-uzak ýyllar ömür bersin! Hawa şondan soň menden patyşanyň hem köňli galdy. Käşki, iň bolmanda patyşanyň köňli menden ýaňa hoş bolsady. Bilmenem, bu işler meniň başyma neden geldi.
Patyşa bu sözleri eşidende aglamakdan ýaňa ýassygy ýaş eýledi. Soňra: «Gördüňmi, bu misgin biçäre aýal bilmezlikden neneňsi oda ýandy, meni-de neneňsi zuluma goýdy» diýip, hatyny dürtüp oýatdy. Onsoň:
– Eý, jan-jigerim! Seniň bu eden işiň ne işdir? Onuň kibi taýsyz we görkli juwany bogazladyp, meni gana goýduň – diýdi.
Hatyn:
– Boljak iş boldy. Indi başy bolmasa-da göwresi nirededir? Tapyp ber, topragynyň tozuny gözlerime sürtüp, ysyny bir alaýyn – diýdi.
Soňra ikisi-de aglaşyp, ýas tutdular. Adam iberip, hajyby getirtdiler hem-de ondan:
– Ol oglanjygy niçik öldürdiň we nirede jaýladyň – diýip soradylar.
Hajyp:
– Eý, jahanyň şasy! Saňa söýünji bolsun, ol oglan diridir. Ony öldürmedim. Patyşa maňa ony öldür diýip, buýran wagty ol oglan: «Meni öldürme. Men şanyň öweý ogludyryn. Ejem oglumdyr diýip, aýtmaga utandy. Şeýdibem meni we özüni bu işe duçar etdi» diýdi. Bu sözi eşidenimden soň oglany gizledim. Janymdan ýeg sakladym. Nazy-nygmat bilen besledim – diýip, habar berdi.
Är-aýal muny eşidip, söýündiler. Tiz ol oglany getirip, didaryna guwandylar. Hajyba tükeniksiz alkyşlar aýdyp, halat-serpaýlar berdiler, hazyna-genç bilen doýurdylar.
Dowamy bar...