Meniñ asla günähim ýok gözel ýarym günä gözde,
Mende näme günä bolsun biler bolsañ günä ýüzde.
Ne ýanar sen kuýaş ýüzli mahu taban mahribanym
Senden özge penakär ýok eý söýgülim pena sizde
Çyn aşygyñ menem menem özge aşyk ýokdur saña
Ahy zaryñ men çekerem galat bolmaz hiç bu sözde
Eger bilseñ patyşahym bar umydym saña bagly
Gözläp seni gije gündiz tapa bilmen dagu düzde
Baýram eýsem günäkärmi bakdy diýip jemalyña
Neýläýin men gözel ýarym, günä gözde, günä ýüzde.
Baýram han