sahet_ashyrov
26.08.2020 08:30
Dowamy (17)...

Soňra ýaňky oglany alyp, patyşanyň gaşyna getirdi. Patyşa giýewisini görende söýündi. Ol ýigit kyrk müň altyny getirip berdi. Üç günläp şatlyk-şagalaň etdiler. Dördülenji gün gelip ýetende toý başlandy. Ol oglany çagyrdylar. Hylwatda aýşy-eşret eýlediler. Bu oglan biraz wagtdan soň daşary çykdy. Müsüriň hatynlary gelniň daşyna üýşüp otyrdylar. Olar çeňdir saz çalyp şatlanýardylar. Ýigit daşarda duran ýerinde bu şagalaňy eşitdi. Diwarda bir deşijek bardy. Gözüni şol deşige tutdy görse, gelin göwherler bilen bezenip, asyklar dakynypdyr. Müsür gözelleri daş-töwereginde üýşüp guwanýarlar. Bu ýagdaý ýigide hoş gelip, biraz wagt seredip durdy. Kaza gapysy açylyp, birden gyzyň gözi şol deşige duş geldi. Ol gyz oňa bir ýat kişidir öýdüp, bir hyzmatkärine buýruk berdi. Ol hyzmatkär iki sany çiş (syh) alyp, ol oglanyň gözüne dürtdi we onuň iki gözüni-de çykardy. Şazada «ah» diýip ýykyldy. Onuň üýnüni-owazyny eşidip geldiler. Görse, iki nerkes gözi hem çykypdyr. Köşgüň içinde perýat asmana galdy. Toýy ýasa döndi. Ýarasy ýagşy bolansoň ýene-de atasynyň gaşyna bardy. Atasy ogluny gözsüz ýagdaýda görüp, onuň ýagdaýyna ýanyp köýýär, bagryny ýakýar. Onsoň:
– Eý, ogul! Bu iş seniň başyňa seniň sabyrsyzlygyňdan geldi. Eger sabyr eden bolsadyň, men saňa ony getirip bererdim. Sen hem bu belalara uçramazdyň – diýip zarynlaýar.

* * *

Bagtyýar bu hekaýaty aýdyp bolandan soň:
– Eý, jahanyň şasy! Eger meni dara çekseň soňy puşmanlyk bolar. Sabyr et. Meni öldürmäge gyssanma – diýdi.
Bu sözi eşiden patyşa Bagtyýary zyndana buýurdy.

* * *

Ertesi ýene-de patyşa tagtyna çykyp oturdy. Ýedinji wezir ileri çykyp, söze başlady:
– Eý, älemiň patyşasy! Bu oglan wezirler bilen seni aldar. Bu gün ýene-de özüni ölümden gutarmak üçin pursat gözlär. Bu gün ony älemden ýitirmek gerek hem-de bu müşgil işi bitirmek gerek – diýdi.
Bagtyýar söze başlamak isledi. Şol wagt wezir:
– Gepleme, bu gün gutulmarsyň – diýdi.
Bagtyýar:
– Eý, jahanyň şasy! Biçäräniň sözüni diňlemek adalatlylykdandyr, gürletmezlik bolsa zulumdandyr. Eger patyşa bu gün meni öldürse, Betkert şanyň uçran gününe duçar bolar – diýdi.
Muny eşiden patyşa:
Ol neneňsi hekaýat, aýt, eşideliň – diýdi.

***

BETKERDIŇ HEKAÝaTY

Bagtyýar söze başlady:
– Älem şasyna mälim bolsun, gadym zamanda bir patyşa ýaşap geçipdir. Ol zulum bilen älemi harap edipdir. Onuň ady Betkert eken. Gök asman astynda ondan zalym kişi ýokdy. Bu patyşa bir patyşanyň ogluny güýç we zulum bilen gul etdi. Ol ýigidiň ady Tizhuşdy. Bir gün bu patyşa awa çykýar. Aw awlap ýörkäler, Tizhuş bir guşa atýar. Ok tötänden bu patyşanyň gulagyna degip, onuň gulagyny goparyp, öňüne taşlaýar. Şolbada Tizhuşy tutýarlar. Patyşa gazaplanyp:
– Tiz boýnuny uruň, başyny kesiň – diýip buýurýar.
Tizhuş ýüzüni ýere sürtüp:
– Taňrynyň haky üçin, men bu işi kast bilen etmedim. Bu zatlar hatalyk bilen boldy – diýip, zarynlap, perýat edýär.
Patyşanyň oňa rehimi inip, onuň günäsini geçýär.
Tizhuşuň atasy illere ilçiler we gözçüler iberip, ogluny gözleýärdi. Bir kişi ýüwrüp gelse, oňa buşlukçymyka öýderdi.
Tötänden ýigidi gözläp ýörenleriň birisi hem tomaşa etmek hem ýitigini gözlemek üçin Betkerdiň köşgüne gelýär. Köşkde gezip ýörkä, birden gullaryň hatarynda duran Tizhuşa gözi ilýär. Ýalňyz galan badyna oňa ata-enesiniň habaryny ýetirýär hem-de:
– Näçe zamandan bäri älem etraplaryny aýlanyp, seni gözleýäris. Ine, indi tapdym. Indi bu derdiň dermany nedir? – diýip, soraýar.
Tizhuş:
– Sabyr et. Bu iş sabyr bilen biter – diýýär.
Olar bir gije pursat tapyp, bir ata münýärler-de Taňra töwekgellik edip gaçýarlar. Ol ýigit şeýdip, sag-salamat atasyna gowuşýar. Ata-ene ogul didaryny görüp, söýünýärler. Mal gurban edip, sadakalar berýärler.
Bir zamandan soňra Betkert şa aw-şikara çykýar. Aw awlap ýörkä, öňünden bir keýik çykýar. Betkert şa ol keýigi kowalap ugraýar. Keýik özüni bir deňze zyňýar. Betkert hem yzyndan aty bilen bökýär. Birden, bir ýel gopup, deňzi herekete getirýär we Betkerdi atdan agdarýar. Ol atynyň ýalyndan ýapyşyp, ýene-de atyna münýär. Onsoň deňiz ýene-de möwç urup, ony agdaryp, zyňyp goýberýär. Betkert şa ahyry bir gury ýere çykýar. Görse, uzakdan bir şäher gözüne ilýär. Hudaýa şükürler edip, şähere garşy ugraýar. Agşam düşýänçä ýöräp, ahyry şähere gelýär. Ne gonara öýi bar, ne düşläre jaýy bar. Onsoň bazara baryp, bir dükanyň içine girip ýatýar. Ol dükanyň üstünde bir bezirgeniň hüjresi bardy. Gije ogrular gelip, ol bezirgeni öldürýärler. Bezirgeniň gany aşaga geçip, Betkert şanyň donuny gyp-gyzyl gan edýär. Daň bilen: «Pylan kişini öldüripdirler» diýen gürrüň ýaýraýar. Onsoň adamlar günäkäri gözläp başlapdyrlar. Betkert şany görseler, dony gyp-gyzyl gan bolupdyr. Olar:
– Ony öldüren şudur – diýip, süýräp, Humaý Mäligiň gaşyna getirdiler. Onuň buýrugy bilen Betkerdi zyndana atdylar.
Zyndanyň gapdalynda bir giň meýdan bardy. Humaý Mälik her gün şol meýdana çykyp, top oýnaýardy.
Bir gün Tizhuş öz atlylary bilen meýdandan gelýärdi. Zyndanyň diwaryna bir guş gonupdy. Betkert şa eline bir daş alyp guşa zyňdy. Daş öte geçdi we Tizhuşuň gulagyny goparyp, öňüne taşlady. Gullar atlaryny segredip, ýetip geldiler hem-de: «Daşy kim atdy» diýip soradylar. Adamlar Betkerdi görkezdiler. Onsoň Betkert şany süýräp, Humaý Mäligiň gaşyna getirdiler. Ol:
– Çalt munuň boýnuny uruň – diýip buýurdy.
Şol wagt Humaý Mälik seredip görse, onuň bir gulagy kesilen eken. Onsoň Humaý Mälik:
– Bu niçik, şum kişi ekeni?! Bir gulagy hem ke eken – diýdi.
Betkert şa aýtdy:
– Eý, älemiň şasy! Bilgin, men hem bir uly patyşadym. Mazlumlaryň betdogasy meni şu hala saldy.
Humaý Mälik:
– Bu gulagyň näme sebäpli kesildi? – diýip sorady.
Ol:
– Meniň Tizhuş atly bir gulum bardy. Ol hemişe, her zaman: «Men bir patyşanyň ogludyryn» diýerdi. Bir gün aw awlap ýörkäm, ol bir guşa ok atdy. Onuň oky-da meniňki ýaly hata düşdi, sowa geçdi. Ok gelip, meniň gulagyma degdi hem-de gulagymy goparyp, öňüme taşlady. Ýöne men ony bagyşladym we günäsini geçdim – diýdi.
Humaý Mälik bu sözleri eşidenden onuň ellerini çözüp, derrew Tizhuşy çagyrdy. Ol gelip, Betkert şany görenden ýüzüni ýere goýup:
– Eý, şa! Bu ne ajap ýagdaýdyr? Seniň başyňa niçik müşgil waka düşdi? – diýip sorady.
Soňra ony ajaýyp köşklerde ornaşdyrdylar. Ýumşak düşekler düşäp, patyşalara laýyk eý gullukçylar iberdiler. Bir gün mejlisde otyrkalar, Betkert şanyň gözleri ýaşa doldy. Humaý Mälik ondan:
– Näme boldy? Näme üçin agladyň? – diýip sorady.
Betkert şa:
– Taňrynyň başa salan işlerini aňlap agladym? Şuňa geň galýaryn, eger haýyr bolsun, eger şer bolsun, Hezreti Haktagala onuň sylagyny ýa-da jezasyny berýän eken. Tizhuş säwlik bilen meniň gulagymy gopardy. Men hem onuň gulagyny gopardym. Men onuň günäsini geçdim, ol hem meniň günämi bagyşlady – diýdi.

* * *

Bagtyýar bu hekaýaty aýdyp bolandan soň:
– Eý, älemiň patyşasy! Bilmek gerek, her kimiň her bir eden işi, haýyr hem bolsa, şer hem bolsa boş geçmez. Allatagala: «Bes, kim zerreçe ýagşylyk etse, şony görer. Kim zerreçe ýamanlyk etse, ony hem görer» diýip buýurýar. Her kim dünýäde haýyrdyr şer etse, elbetde, bir gün ýerine geler. Indi, eý, älemiň şasy! Bir adamy öldürmäge gyssanma. Belki, bir gün meniň hem günäsizligim biliner – diýdi.
Patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary ýene-de zyndana saldylar. Mejlisdäkiler Bagtyýaryň suhangöýlügini we şirin sözlerini eşidip, oňa «Aperin!» diýdiler.

* * *

Ertesi, patyşa tagta çykyp oturandan soň, sekizinji wezir ileri çykyp:
– Eý, jahanyň şasy! Bu oglany öldürmekde haýal-ýagallyk edýärsiň. Ýaman günden gorasyn, bu oglanyň öjünden patyşamyza bir zyýan ýetse, kalbymyzda ömürlik hasrat galar – diýdi.
Onsoň patyşa:
– Bu gün ony öldüriň, dardan asyň! – diýip buýurdy.
Bagtyýary getirdiler. Bagtyýar:
– Eý, jahanyň patyşasy! Duşmanlaryň sözi bilen işleme, bir günäsiz bendäni heläk edip, ganyna galmagyl – diýdi.
Onda patyşa:
– Eý, betbagt! Köşkdäkileriň aýtmagyna görä, tamyň üstünden daş atmyş sen hem-de nälaýyk sözler diýmiş sen – diýdi.
Onda Bagtyýar:
– Olara duşmanlaryň öwreden bolmagy bolup biläýjek zat. Mundan başga-da aýallaryň mekirligi köp, hilesi telim bolýandyr. Olaryň sözi bilen iş etmek zulum bolar. Eger patyşa buýursa, şuňa degişli bir hekaýat bardyr, şony aýdyp bereýin – diýdi.
Patyşa:
– Ol nähili hekaýat? Aýt, eşideliň – diýdi.

***

RUM KAÝSARYNYŇ HEKAÝaTY

Bagtyýar söze başlady:
– Eý, jahanyň şasy! Çyn-Maçynda bir uly patyşa bolupdyr. Maly, hazynasy we il-welaýaty örän köp eken. Ol gije-gündiz aýşy-eşrete meşgul bolupdyr. Goşunyň gamyny iýmek, olaryň aladasyny etmek aňyna-da gelmez eken. Onsoň olar ýygnanypdyrlar. Ilki wezir:
– Men şuny bilýärin, size mälimdir bu patyşa bir patyşany däl, telim yklymy tutdy, eýeledi. Emma Rum daş bolandygy üçin ol ýere gitmedi. Indi Ruma gitmek islär ýaly bir närsäni gulagyna ýetirmek gerek. Şonda siziň aladaňyzy eder – diýdi.
Wezir bu sözi aýdandan soň, patyşanyň gaşyna baryp, her ýerden söz sözläp, Rum ili barada gürrüňe başlady. Gürrüň arasynda:
– Eger patyşa Rum ilini eýelese, hiç kimsä miýesser bolmadyk at-abraý gazanar. Şeýle-de ondan-mundan eşidişime görä, kaýsaryň bir gözel gyzy barmyş. Jahanda onuň taýy ýokmuş – diýdi.
Patyşa bu sözi eşidende köňlünde gyz söwdasy ýer edip, näme etmelidiginiň pikirini edip başlady. Soňra wezirine buýruk berip, hat ýazdyrdy we ilçi iberdi. Namada: «Patyşa mälim bolsun, Şam sebitlerinden Çyn etraplaryna çenli ýerler meniň hökümimdedir. Haýsy tarapda duşman bar bolsa, baryny gopardym, ýerine gül we reýhan ekdim. Indi seniň bilen meniň aramda ýaranlygyň bolmagyny dileýärin» diýip ýazdy. Soňra ilçä: «Hat okalan badyna gyzyny gelinlige dilegin» diýip tabşyrdy.

Dowamy bar...
2
28
Myhman Myhman
26 Awgust 2020
yzynam ýazarsyňda brat

????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.