HangeldiAkbayew
26.08.2020
Tehnologiýa
5
402

Zetta - Russiýanyň ilkinji elektrik awtoulagy

Rus­si­ýa­nyň il­kin­ji elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän aw­tou­la­gy 2020-nji ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. “Zet­ta” ky­sym­ly ula­gyň ba­ha­sy­nyň 6 müň 440 ýew­ro ba­ra­bar bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Rus­si­ýa­nyň se­na­gat we söw­da mi­nist­ri De­nis Man­tu­row bu ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da 2020-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ula­gyň önüm­çi­li­gi­ne baş­lan­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Russiýanyň ilkinji elektrik awtoulagy Zetta şu ýylyň başynda ýollarda bolmalydy, ýöne koronawirus epidemiýasy  bu babatda göz öňünde tutulan meýilnamalary üýtgetdi.
   Üç ga­py­ly, uzyn­ly­gy 3 met­re deň bo­lan ula­gyň tiz­li­gi, sa­gat­da 120 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lar. Ol bir ge­zek dol­du­ry­lan zar­ýa­dy bi­len 560 ki­lo­metr ýol ge­çer. Ula­gyň iş­le­nilip dü­zül­me­gi üçin 3 ýyl sarp edi­lip, bu tas­la­ma 450 mil­li­on rubl ma­ýa go­ýul­dy. Ula­gyň äh­li bö­lek­le­ri Rus­si­ýa­da ön­dü­ri­lip, di­ňe ak­ku­mul­ýa­to­ry Hy­taý­da ön­dü­ril­ýär.Ykjam ululygy sebäpli awtoulagyň agramy 700 kg-dan az bolar. 
    Şeý­le aw­tou­lag­la­ry ön­dür­mek üçin Tol­ýat­ti şä­he­rin­de ýö­ri­te za­wod gu­rul­dy.Şereket her ýylda Zetta awtoulagyndan  15000 sanysyny öndürer. 
   Hä­zir­ki wagt­da Rus­si­ýa­da elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag­dan peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny köp däl. Bu gör­ke­zi­ji bir­nä­çe mü­ňe ba­ra­bar­dyr. Bi­ler­men­ler gel­jek ýyl­lar­da bu gör­ke­zi­ji­niň uly ösü­şe eýe bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. “Pricewa­ter­hou­seCoo­pers” mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, 2025-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da elekt­ro­mo­bil­le­riň or­ta­ça ösüş dep­gi­ni 30 gö­te­ri­me deň bo­lar. Ýur­duň paý­tag­ty Mosk­wa­da bol­sa, bu gör­ke­zi­ji­niň 60 gö­te­ri­me deň bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

TAÝÝARLAN: Hangeldi Akbaýew
Myhman Myhman
15 Fewral 2021
Ekonomicni
Myhman Myhman
26 Awgust 2020
Bet
Myhman Myhman
26 Awgust 2020
Biz haçan çykarýas
Doctor
26 Awgust 2020
Gowy makala ???
Turkmenistan
26 Awgust 2020
Bah
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.