sahet_ashyrov
25.08.2020 08:30
Dowamy (16)...

Bagtyýar bu hekaýaty tamamlap:
– Eý, jahan şasy! Göripleriň sözüni diňläp, mazlumlary ezme. Günämizi geç – diýdi.
Onsoň patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary ýene-de zyndana atdylar.

* * *

Ertesi daň atanda patyşa tagtyna çykyp oturdy. Altynjy wezir ileri gelip:
– Eý, älemiň penakär patyşasy! Oglany öldürmezlikden maksadyň nämedir. Belki, öldürmekde köp bähbitler bardyr. Pitneler basylyp, pisat-bozuk işler peseler – diýdi.
Onsoň patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary zyndandan çykaryp, jeza meýdanyna getirdiler. Şonda Bagtyýar:
– Eý, jahanyň şasy! Eger göripler meni öldürmäge ündeseler, sen ynanma, gapyl galma. Göriplere uýan kişiniň başyna Halap patyşasynyň oglunyň başyna düşen işler geler – diýdi.
Onda patyşa:
– Ol nähili hekaýatdyr?! Aýt eşideliň – diýdi.

***

HALAP PATYŞASYNYÑ HEKAÝATY

Bagtyýar söze başlady:
– Eý, hökmürowan patyşa! Bilgil, Halapda bir patyşa bardy. Ol patyşa akyl, pikir, adyl we adyllyk bilen bezelipdi. Onuň bir ogly bardy. Göwnüne bir hyýal gelse, ony ederdi. Emma örän gözeldi.
Bir gün bir bezirgen Müsürden Halap şäherine gelip, Müsür matalaryny getirýär. Ol birküç aýlap Halapda saklanýar. Ol bezirgen patyşanyň ýaňky ogly bilen tanyşýar. Bu oglanyň köňli ýer ýüzünde taýy bolmadyk bir gyz küýsedi. Bezirgen: «Men Müsür patyşasynyň bir gyzy barmyş, ýer ýüzünde onuň kibi gyz ýokmuş diýip eşitdim» diýdi. Bu oglan muny eşidenden atasynyň gaşyna bardy hem-de:
– Eý, ata! Adam ogluna elbetde, durmuş sürer we güzeran görer ýaly bir höwür we mähriban ýar gerekdir. Müsür patyşasynyň gyzyny meniň üçin diläp ber – diýdi.
Atasy:
– Eý, ogul, bilermi sen?! Müsür patyşasy bir uly patyşadyr. Biz onuň bilen barabar däldiris. Eger şeýle tiz gyz dilesek bermez, sözümiz synar we aramyzda duşmanlyk dörär. Sabyr et. Mal bilen ýa-da gulluk bilen bu işi bitirerin – diýdi.
Soňra Müsür patyşasyna bir hat ýazyp: «Men seniň guluňdyryn, oglum hem guluňdyr. Emma oglumyň seniň has saýlantgy guluň bolmagyny isleýärin. Ölçänimde siziň bilen biziň aramyzda ýer bilen gök ýaly tapawudyň bardygyny bilýärin. Emma patyşanyň sahawaty tükeniksizdir. Ol özüniň sahawatly gyzyny şu oglanjyga nikalap berer diýip umyt edýärin» diýip, örän alçaklyk görkezýär. Müsür patyşasy onuň bu haýyşyny diňläp: «Men hem gyzymy berer ýaly bir asylzada kişi isleýärdim. Men-ä ondan zat islämok. Emma enesi iki ýüz müň altyn gerek diýýär» diýip, jogap berýär. Ilçi bu habary getirenden soň, Halap patyşasy hazynadaky altyn-kümüşleri jemledi. Ýüz altmyş müň altyn çykdy. Ony iberdi, galan kyrk müňüni hem bir aýda bererin diýdi. Bu oglan bir aý sözüni eşidende onuň janyna ot düşdi. Atasynyň gaşyna gelip:
– Sen bilýärsiň, men bir sagat hem garaşyp biljek däl. Ile salgyt sal, üýşür-de ber – diýdi.
Atasy:
– Öz nebsimiz üçin zulum edip, ile salgyt salmak ýagşy däl – diýdi.
Oglan bu sözi eşidende:
– Çykyp, il uraryn we mal-baýlyk ele salaryn – diýip, çykdy gitdi.
Birden, bir kerwene uçrady. Kerwen Adn şäherinden Müsüre barýardy. Ol kerwende örän köp mal-nygmat bardy. Şazada ol kerwene at saldy. Köp musulmanlary öldürdi. Ol kerweniň içinde bir batyr är bardy, adyna Gurap Ýasryby diýerdiler. Ol şazadanyň üstüne at saldy we ony tutup Müsüre getirdi. Ony şol ýerde goýup, özi patyşanyň gaşyna bardy. Sowgat-serpaýlar eltdi. Ol ýigit patyşanyň gaşynda durka, Halap patyşasyndan: «Eý, jahanyň şasy! Birnäçe wagt boldy, oglum gaharlanyp çykyp gitdi. Nirededigini bilemok. Eger ol galan altyny alyp baran bolsa, bize habar edeweriň. Köňlümiz rahatlansyn» diýen mazmunda hat gelip gowuşdy. Hat okalan badyna Gurap Ýasryby özüniň tutan kişisiniň şol ýigitdigini bildi. Onsoň köşkden çykyp, öýüne geldi. Ol oglanyň hal-ahwalyny sorady hem-de:
– Bu iş saňa laýyk däldir – diýip, öwüt berdi.
Oglan:
– Ýigitlik ýeli bilen şeýtana uýdum. Şeýdibem bela duçar boldum. Öňküler: «Ýaşlyk hem däliligiň bir görnüşidir» diýipdirler. Eger ýagşylyk edip, azat etseň sogap taparsyň – diýdi.
Gurap:
– Günämi geçgin. Men seniň kimdigiňi bilmedim. Indi bildim. Maňa seniň işiňi bitirmek wajypdyr. Saňa näçe mal gerek bolsa bererin – diýdi.

Dowamy bar...
4
59
Myhman Myhman
25 Awgust 2020
to be continued...
Myhman Myhman
25 Awgust 2020
yzynam ýazaýyňda
Myhman Myhman
25 Awgust 2020
Dowamy haçan garaşyas
Myhman Myhman
25 Awgust 2020
Salam Ajayyp eserler eserin yzyny su gun yazsanyz men sat bolardym sebabi yzyny okasymyz gelyar sabrymyz azalyar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.