sahet_ashyrov
22.08.2020 08:28
Dowamy (14)...

Bagtyýar bu hekaýaty tamamlap:
– Indi eý, patyşahy älem! Meni öldürmäge gyssanma, sabyryň peýdasyny taparsyň – diýdi.
Onsoň patyşanyň buýrugy bilen ony ýene-de zyndana eltdiler.

* * *

Ertesi, Gün özüniň gök hyrkasyndan baş göterende, patyşa tagtyna çykyp oturdy. Nobat bäşinji wezire ýetdi. Ol ileri çykyp, söze başlady hem-de:
– Eý, älemiň şasy! Oglanyň günäsi Güneşden nurly, Aýdan aýdyňdyr. Buýruň, syýasat etsinler – diýdi.
Onsoň patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary syýasat meýdanyna getirdiler-de, çökerdiler. Jellatlar onuň boýnuny çapmak üçin ugrady. Şol wagt Bagtyýar patyşa garap şeýle diýdi:
– Eý, älem patyşasy! Adyllygyňy görkez! Bilgin, Haktagala saňa munça halaýygy duşmanlaryň sözüne gidip, bir bigünä bendäni öldürmegin diýip tabşyrdy. Patyşa diňe eglenäýse giç boljak ýa-da syýasat edilýän gaçyp gutuljak bolan ýagdaýynda syýasata derrew girişer. Men biçäräniň ne gaçmaga aýagym bar, ne gitmäge ýolum bar. Duşmanlaryň sözüni diňlemegin. Birden, soňra puşman etmeli bolaýmagyn. Eger buýursaň şuňa degişli bir hekaýat aýdaýyn, diňle, göripler neneňsi işler edipdirler. Ýogsa, soňra özleri-de şol güne düşýärler.
Patyşa:
– Hany aýt eşideliň – diýdi.

***

Bagtyýar söze girip, aýdyp başlady:
– Eý, jahan patyşasy! Gadym zamanda bir wezir bolupdyr. Adyna Abu Temmam diýer ekenler. Akyl-parasatda we ylym-bilimde kämildi. Durmuşyň ajysyny we süýjüsini dadyp görüpdi. Emma gulluk edip, huzurynda bolýan patyşasy onuň gadyryny bilmeýärdi. Duşmanyň sözüne uýup, demme-dem onuň hormatyny syndyrýardy. Bir gün köňli gaty ýykyldy. Ynamdar kişilerinden birküç sanysyny ýanyna çagyryp:
– Görýäňizmi, bu patyşa meniň hormatymy we gadyrymy bilenok. Elbetde, watany terk edip, gitmeli boljak – diýdi.
Soňra ýol şaýyny tutup, ýola düşdi. Şäherden-şähere, ilden-ile düşdi. Ahyry Alan Birjan iline girdi. Şäherden daşarda çadyr tutup, düşledi. Gullukçylar şähere baryp, bazarda aluw-satuw etdiler. Olar bir zaman baryş-geliş etdiler. Şäher halky bilen tanyşdylar, bilişdiler. Olar bularyň gatnaşygyny haladylar. Onsoň olar patyşalarynyň gaşyna baryp:
– Eý, patyşahy älem! Bir uly kişi gelipdir. Gullukçylary edepli, özi örän salykatly – diýdiler.
Alan Birjanyň patyşasy:
– Baryň, çagyryň, gelsin, göreýin – diýip buýurdy.
Onsoň adamlar baryp, Abu Temmamy çagyrdylar. Abu Temmam köp sowgat-serpaýlar häzirläp, patyşanyň gaşyna geldi. Ýüzüni ýere urup, doga-dileg etdi. Patyşa oňa hezet-hormat edip sylaglady. Soňra ýanyna çagyryp, bile nahar iýdi. Olar her ýerden hekaýat we henek aýdyp başladylar. Abu Temmam patyşa örän ýarady.
Patyşa bir gün top urmak üçin Abu Temmam bilen bile meýdana çykdy. Abu Temmam bu oýunlarda örän ussatdy. Meýdana girdi, dürli-dürli oýunlar görkezdi. Alan Birjanyň patyşasy ony örän halady. Gaşyndan goýbermez boldy. Abu Temmam aýtdy:
– Eý, Alan Birjanyň patyşasy! Öňküler: «Patyşalaryň ýanynda nep hem bardyr, zyýanam» diýipdirler. Sen mähribanlygyň bilen meni hoş tutýarsyň. Birden göripler yzyma düşüp, meni ýamanlap, seniň gözüňden düşüräýmesinler. Goýgun, saňa uzakdan doga-dileg edeýin.
Patyşa:
– Bu ne sözdür, sen diýer sen! Olaryň sözüni kim diňlär – diýip, Abu Temmamy hormatlady.
Patyşanyň gaşynda Abu Temmamyň hormaty-sarpasy gün-günden artdy. Göripler pitnedir mekirlik etmäge meşgul boldular. Olar: «Bu bir garyp, keseki kişidi. Düýn gelip, bu gün bizden ýokary geçdi. Ol biziň derejelerimize zyýan ýetirýär» diýşip, her haýsy bir dürli pikiri orta atdylar. Baş wezir:
– Maslahat şeýle, Hotan patyşasynyň bir gyzy bardyr. Asman astynda oňa meňzejek şekil ýokdur. Ony diläp, köp patyşalardan kişiler bardy, emma birem gutulmady. Baryny öldürdi. Patyşamyza şol gyzyň habaryny aýdalyň. Meýli oýanyp, gyzy dilemäge adam islän wagty, ählimiz agzybirlik bilen «Bu işe Abu Temmam has muwapykdyr» diýeliň. Ol işe giden asylam dolanyp gelmez – diýdi.

Dowamy bar...
5
54
sahet_ashyrov
24 Awgust 2020
Myhman Myhman, Alma tuweleme sowly bolsun ustunlik dine bellemesena bolmaz ony indi
Myhman Myhman
23 Awgust 2020
Salam Ajayyp eserler bu gvn Bagtyyarnaman yzyna garasdym yazmadynyz weli ertir yazayynda men Sabyrsyzlyk bn garasyp otyryn
Myhman Myhman
23 Awgust 2020
(Alma) myhman men oz guyjume girdim gecen yylam yykyldym bu yyl gecdim ol soragyny pul bn girenlere ber gulum??

Onsonam myhman sen aladan bn bolsana sana yazmadym ?myhman bular sen????
Myhman Myhman
22 Awgust 2020
He Alma nâçe berip girdiñ okuwa?????
Myhman Myhman
22 Awgust 2020
Salam Sähet gowumy yagdaylaryn men onki Alma tanadynmy Sahet menem talyp boldum pediculisa girdim☺️????

Men Alma Sähet menem tazeden rehs bolup bilemok telemi tazeledim

Hemem 1-ay bari basagay egzamin diydi okuw e diydi ay karocem kan internede hem girip bilemokda
Myhman Myhman
22 Awgust 2020
Salam Ajayyp eserler gaty gyzykly gityar yzyna sabyrsyzlyk bn garasyan

???????????????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.