barlagcy
21.08.2020 23:10
Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber,
Gör, näçe daşlaşdym seniň yşgyňdan. Seni juwan gyzlaň keşbinden idäp,
Idäp ahu-gözli gyzlaň çeşminden.

Ýene hiç zat çalşyrgyçsyz däl eken. Görseň, ine, gözlerine söweýin,
Bir zyba gyz otly söýgi bilen däl,
Mähri bilen tutdy seniň, öweziň.

Bar eken bagtyňam ýerin tutýan zat, Bozlap aýra düşen bagtymyň ornun, Tutdy akja gundagynda jägildäp, Däbşenekläp ýatan ilkinji oglum.

Belkem, yrgadyryn, durnuksyzdyryn
Ýa-da uýgunlaşyp ýürek zaryma,
Özümi ýitirip gam-gussa bilen,
Dönüp gidendirin başga birine,

Belkem, mejnun bolup söýen däldirin, Ýaşlygyň alydyr kalbymdaky ot.
Sensiz ýaşap bilmän ýören hallarym,
Göz öňüne getiribem bilemok.

Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber. Galan ömrüme-de şu günüm bolýar.
Ýöne käte seni bagryma basyp,
Şeýle bir, şeýle bir aglasym gelýär.
16
70
MaysaJaparowa
2 Sentýabr 2020
Duygulandyrjy yagny gecmisim bn baglansykly gosgy eken
gulshatayewa97
25 Awgust 2020
Şu goşgyň hasam soňky bendini gowy görýän?
sahet_ashyrov
22 Awgust 2020
Berekella?
barlagcy
22 Awgust 2020
MerjenBegowa,salam merjen sag bol yone awtory men dal gowy gorup goydum

Myhman Myhman, salam Bagul yok awtoryny bilemok son un yazmadym
Myhman Myhman
22 Awgust 2020
Salam Dowran gosgyny ozvniz yazdynyzmy? Men Bagvl
MerjenBegowa
22 Awgust 2020
Döwran aga goşgyda ??malades awtory sizmi?!
Myhman Myhman
22 Awgust 2020
Salam Barlagcy gowumy Dowran way gosgy gaty gamgyn oz gozvm dolup gitdi sonky bendini okamda

Men Bagvl az wagt isim bolup gitdim
Selbiniyaz
22 Awgust 2020
Govy gosgy ????❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.