sahet_ashyrov
21.08.2020 14:45
Dowamy (13)...

Patyşanyň buýrugyna görä, ýok edilen zatlary hazynadan berdiler. Soňra ýene-de patyşanyň buýrugyna görä, Abu Sabyry obadan çykaryp kowdular. Abu Sabyr aýalyny we oglanjyklaryny alyp, obadan çykyp gitdi. Birküç günden soňra birnäçe ogry-garakçylara sataşdy. Ogrular görseler, olarda mal-dowar ýok, onsoň onuň iki sany oguljygyny aldylar hem-de:
– Äkidip satalyň. Birküç gün harjymyz bolar – diýdiler.
Misgin ata-ene aglap-eňrediler. Ahyry köp muşakgatlyklar bilen bir obanyň çetine gelip ýetdiler. Abu Sabyr aýalyna bakyp:
– Sen şu ýerde otur. Men şol oba baryp göreýin. Belki, elime biraz iýer ýaly zat düşer – diýip, oba gitdi.
Bir esrik atly geldi. Görse, ýalňyz bir aýal otyr. Ol atly bu aýala kast etmek isledi. Aýal:
– Menden eliňi çek. Men bir mähnete duçar bolan kişidirin. Adamym şol oba gitdi. Gelende seni meniň ýanymda görse, saňa zyýan ýetirer – diýdi.
Atly gazaba münüp, gylyjyny syýrdy hem-de islese-islemese-de aýaly göterip, alyp gitdi. Aýal gutulmagyň mümkin däldigini bilensoň, topragyň üstünde barmagy bilen: «Men ýene-de zamananyň belasyna ýesir we duçar boldum» diýip ýazdy.
Abu Sabyr geldi, emma aýalyny goýan ýerinden tapmady. Seretse, toprakda ýazgy bar. Ony okap görüp: «Eý, Taňrym! Meniň başyma düşen bu bela nämedir?! Indi işim sabyr etmekdir. Sabyr edeýin» diýip, Taňra töwekgellik edip, gözi ýaşly, bagry başly gaýgy-gama batyp ugraberdi. Birküç günden soň bir şähere bardy. Ol şäheriň bir zalym begi bardy. Ol köşkler gurdurmak bilen meşguldy. Şähere herne garyp gelse, tutup, işlederdi. Abu Sabyr gapydan içeri giren badyna tutdular, getirdiler-de işe kowdular. Abu Sabyr ol ýerde bir zaman işledi. Bir gün işläp ýörenleriň biri merduwandan ýykyldy. Ol örän gama batyp:
– Eý, Ejizleriň Goldawçysy, eý, Çäresizleriň Çäreçisi. Bizi bu beladan gutargyn – diýdi.
Abu Sabyr bu nalany eşidip:
– Eý, ýigit! Munça wagtdan bäri ahy-nala kylar sen?! Ahy-nala bilen hiç kim maksada ýetip bilmez. Sabyr et. Sabyr bilen agyr işler ýeňil bolar – diýdi.
Şa muny eşidip, merduwandan ýykylana ýüregi awap, oňa birküç akja berdi hem-de ondan halallyk diläp, boşadyp goýberdi. Soňra bolsa:
– Ol kişini zyndana salyň. Göreliň, hany sabyr bilen işi nirelere ýeter – diýip buýurdy.
Onsoň Abu Sabyry tutup, zyndana eltdiler-de oklap goýberdiler.
Bu patyşanyň zulumyndan halk örän bizar boldular. Ol öz gardaşyny hem zyndana oklapdy. Halk düýrüldiler, üýşdiler hem-de: «Bu patyşany öldürip, gardaşyny beg götereliň» diýip, dil birikdirdiler. Ol zalym bu ýagdaýy duýup, gaçyp gitdi. Halaýyk şondan göni zyndana bardylar hem-de begiň gardaşydyr öýdüp, Abu Sabyry zyndandan çykaryp, beg edindiler. Onuň bilen ant içişip, ähti-peýman etdiler we patyşalyga göterdiler. Şeýdip «Sabyr – giňligiň açarydyr» diýen nakylyň manysy ýüze çykdy. Abu Sabyr hazynany açyp, mal-baýlyklary üleşdirdi. Baryp, ol zalym begi tapyp, depelediler. Abu Sabyr, älemi adyllygy bilen gurşap aldy. Nygmatlar köpeldi, rahatlyk boldy, halaýyk ýygnandy.
Elkyssa, Abu Sabyryň oglanlaryny zor bilen alan ogrular hem öz aralarynda: «Geliň, bu oglanlary şol beýik patyşa elteliň. Adyl begdir, bize köp akja bilen dirhem sowgat berer» diýdiler. Olar oglanlary Abu Sabyryň gaşyna getirenlerinde, ol öz çagalaryny görüp, şükürler etdi we olary köşge goýberdi. Soňra Abu Sabyryň buýrugy bilen ogrularyň ellerini kesdiler.
Birküç gün geçenden soňra, Abu Sabyryň aýaly patyşanyň adalatynyň çawuny eşidip, şikaýat etmek üçin özüni köşge atdy. Ol aýaly alyp gaýdan adam gelip:
– Eý, patyşahy älem! Bu aýal meniň aýalymdyr. Häzir menden gaçyp gaýdypdyr – diýdi.
Onda ol aýal:
– Ýalan aýdýar. Meni güýç bilen saklaýar. Meni pylan obadan alyp gaýtdy. Maňa zulum edýär – diýdi.
Abu Sabyr aýalyny tanady we köşgüne iberdi. Ol kişä bolsa haýbat atdy. Şäher halky we esgerler: «Bu patyşa neçün beýle zulum etdi» diýip, bu işlere haýran galdylar. Abu Sabyr halkyň haýran galanyny we gohlaýanyny bilip, ýagdaýyň nähilidigini aýan etdi. Onsoň halk dymyp galdy.
Birküç günden soň Abu Sabyry obadan kowan begiň garşysyna topalaňçylar çykyp, ony öldürmäge kast etdiler. Ol gaçyp, Abu Sabyryň gaşyna geldi hem-de:
– Eý, patyşa! Zuluma uçradym. Halkym maňa hyýanat etdi. Meni ilden çykardylar. Maňa medet ber – diýip, arz etdi.
Abu Sabyr ony gören badyna tanap, gaşyna çagyrdy hem-de:
– Meni bilermi sen?! Sen özüň neneňsi zulumlar eýlediň. Meni ýurdumdan çykardyň. Ýöne meniň sabyr-takatym meni şu hala getirdi. Seniň zulumyň seni şu ýagdaýa atardy. Indi bu gün eden işiň jezasyna duçar bolduň. Indi ýene-de Taňrydan medet-goldaw gelýänçä sabyr eýle – diýdi.

Dowamy bar...
4
100
sahet_ashyrov
22 Awgust 2020
Myhman Myhman,nesip bolsa yetisdigimden goyaryn
Myhman Myhman
22 Awgust 2020
Wayyyy Ajayyp eserler menem onda sabyr bn dowamyna garasyan

Yone nace calt dowamyny okasak biz sizden yenede hosal bolardyk

Dowamyna sabrym gidip barya garasyan ?????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.