Dowamy (12)
Bagtyýar bu hekaýaty aýdyp bolandan soň:
– Eý, älem şasy! Eger Ruzbeh Behruzy zyndana oklaman, ony şolbada öldüren bolsady, onda ata-enesi gelenden soň, puşmanlyk ody onuň ýüregini ýakardy. Indi, meni öldürmäge gyssanmagyn, okla, zyndanda ýataýyn. Bir gün meniň hem dogrulygym bilner – diýdi.
Patyşanyň göwni biraz ýumşady. Onsoň onuň buýrugy bilen Bagtyýary zyndana äkitdiler.
* * *
Patyşa ertesi tagtyna çykyp oturdy. Dördünji wezir öňe çykyp, söze başlady hem-de:
– Eý, patyşa, bu oglany öldürmek gerek. Welaýatyň diregi syýasatdyr. Bu oglany öldürmän, neçün eglenýärsiň. Men munuň öjünden döwletimize zyýan ýeter diýip gorkýaryn – diýdi.
Patyşanyň buýrugy bilen Bagtyýary dardan asmak üçin syýasat meýdanyna getirdiler. Bagtyýar aýtdy:
– Eý, älem şasy! Sabyr eýlemek eý närsedir, patyşa hem eýdir. Emma soltanlaryň has ýegrägi şudur; soltan hezretleri bagyşlamasa-da sabyr etmelidir. Her hili müşgil işler sabyr bilen ýeňil bolar, bir gün üstünlige gowşar. Şuňa laýyk bir hekaýat bardyr. Onuň içinde köp öwüt-nesihatlar bardyr.
Patyşa bu sözi eşidip:
– Aýt, eşideliň, ol neneňsi hekaýatdyr – diýdi.
***
Bagtyýar gürrüň berip başlady:
– Rowaýatçylar şeýle rowaýat edipdirler. Gadym zamanda bir adam bardy, ady Abu Sabyrdy. Ol hemişe sabyr-takat bilen iş görerdi. Bir gün onuň ýaşaýan obasynyň töwereginde bir arslan peýda boldy. Ol arslan musulmanlaryň köp dowarlaryny harap eýledi. Adamlar üýşüp, oňa:
– Maslahat şeýle, sen hem biziň bilen ýörgün, ol arslany öldürip, onuň şerinden gutulalyň – diýdiler.
Abu Sabyr:
– Arslany öldürmek patyşalaryň işidir. Degmäň, adam arslan bilen garpyşyp bilmez. Birden, adamy hem heläk edäýmesin. Onsoň artyk zyýana galaýmaň. Gowusy, sabyr eýlemek. Sabyr etseň iş ýeňilleşer – diýdi.
Olar Sabyryň sözüni tutup, sabyr etdiler. Birküç günden şol iliň patyşasy şol oba ugrady. Olar arslanyň hekaýatyny patyşa aýtdylar. Patyşa goşuna buýurdy, olar arslanyň daşyny gurşap aldylar we ony depelediler.
Şol obada bir emeldar bardy. Birnäçe aýýar bir gijede gelip, ony depeläpdirler. Onsoň obanyň adamlary düýrülip, üýşüp, Abu Sabyryň gaşyna gelip:
– Kerem et, biziň bilen ýör. Patyşanyň gaşyna baralyň we bu işden habarymyzyň ýokdugyny bildireliň – diýdiler.
Abu Sabyr:
– Baryň, siz özüňiz bilersiňiz, ýöne men gitmerin – diýdi.
Oba adamlary hem gitmediler.
Emeldarlaryň öldürilendiginiň habary patyşanyň gulagyna ýetdi. Ol örän gaharlanyp, goşun iberdi we ol obany çapawullady. Oba adamlary ýene-de Abu Sabyryň gaşyna gelip:
– Gel, patyşanyň gaşyna baralyň we halymyzy bildireliň. Ýör gitdik. Ýogsa, kül deýin ýakyldyk – diýýärler.
Emma Abu Sabyr gitmeýär. Olar gitdiler hem-de ahwallaryny beýan etdiler. Patyşa örän gussa batyp:
– Ne üçin öňünden gelmediňiz? – diýip sorady.
Olar:
– Bir ulymyz bar. Şonuň bilen sözleşdik, ol gaýtmady. Onsoň biz hem oňa uýup, gaýtmadyk – diýdiler.
Dowamy bar...