8 dile terjime edip bilýän örtük
Ýaponiýanyň “Donut Robotics” atly tehnologiýa kompaniýasy 8 dile terjime edip bilýän agyz-burun örtügüni öndürdi. “Bluetooth” ulgamy arkaly telefona birikdirilýän örtük hytaý, koreý, wýetnam, indoneziýa, iňlis we ispan dillerine terjime etmek mümkinçiligine eýedir.
Dünýäde giňden ýaýran täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli gündelik durmuşda köp zatlar üýtgedi. Olayrň biri hem adamlar gündelik durmuşda agyz-burun örtüginden peýdalanýarlar. Ýapon kompaniýasy uzak wagtlap adamlaryň durmuşda galjak bu agyz-burun örtügüne özboluşly aýratynlyk goşdy. Oňa terjime etmek ukybyny berdi.
Kompaniýanyň ýolbaşçylary “C – Face” atly örtügüniň ulanyjylary üçin diňe bir gorag serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň aragatnaşygyny ýeňilleşdirmek üçin hem peýdaly boljakdygyny belleýärler.
Smartfona “Bluetooth” arkaly birikdirilen örtük plastmassadan ýasaldy. Bahasy tahmynan 40 dollardyr. "Donut Robotiks" şereketi "Haneda" halkara howa menziliniň haýyşy boýunça terijimeçi robotlaryň üstünde birnäçe ýyl bäri işleýär. Bu tehnologiýa terjimeçi örtügi ýasamak üçin hem ulanyldy.
Örtügiň öň tarapynda deşijekleriň bardygy sebäpli ony adaty agyz-burun örtügünden soňra dakynmaly. Ak plastmassadan we silikondan ýasalan örtügiň hytaý, koreý, wýetnam, indoneziýa, iňlis, ispan hem-de fransuz dillerine terjime etmek ukybyna eýedigi bellenildi.
Taýýarlan: Akbaýew Hangeldi