HangeldiAkbayew
17.08.2020 13:53

Ýewropa ligasynyň ilkinji finalçysy “Sewilýa”

Ýewropa ligasynda ilkinji finalçy “Sewilýa” boldy. Kubogy iň köp eýelän topar ýarym finalda “Mançester Ýunaýtedden” 2-1 hasabynda üstün çykdy. Germaniýanyň Köln şäherinde oýnalan duşuşygyň 9-njy minutynda Bruno Fernandeş penaltini dürs urup hasaby açdy. 26-njy minutda bolsa, Suso owadan urgy bilen hasaby deňledi. Oýnuň 78-nji minutynda-da Luuk de Ýong “Sewilýany” öňe saýlady. Bu duşuşykdaky soňky gol boldy we “Sewilýa” 4 ýyldan soň, finala çykmagy başardy. Onuň finaldaky garşydaşy şu günki “Inter”–“Şahtýor Donesk” duşuşygyndan soň belli bolar. Final duşuşygy 21-nji awgustda oýnalar.
5
27
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.