merdan_user
17.08.2020
Saglyk
5
1 447

Dr. Entoni Fauci Koronawirus wirusynyň haçan gutarjakdygyny habar berdi

Meşhur ABŞ immunology Entoni Fauci koronawirus epidemiýasynyň haçan bütin dünýäde  gutarjakdygyny yglan etdi. Fauçiniň pikiriçe, çäreler  dogry ýerine ýetirilmese, wirusyň ýaýramagy azyndan ýene birnäçe ýyl dowam eder.

ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň prezidenti Dr. Entoni Fauci gün tertibinde möhüm beýanatlar berdi. Amerikaly lukman koronawirus baradaky pikirlerini paýlaşyp, ABŞ-nyň kadaly ýagdaýa gelmegi üçin bir ýyldan gowrak wagtyň gerek boljakdygyny we sanjymlar taýýar bolýança adamzadyň bu çäreleri berjaý etmelidigini aýtdy.

Meşhur tehnologiýa milliarderi Bill Geýts, wirusyň 2021-nji ýylyň ahyrynda ösen ýurtlar üçin we 2022-nji ýylyň ahyrynda bolsa beyleki yurtlar üçin gutarjakdygyny pikir edýändigini aýtdy. Microsoft-y esaslandyryjy bu ugurda hünärmen bolmasa-da, Bill we Melinda Geýts gaznasy arkaly COVID-19 sanjymyny ösdürmäge kömek edýär.

Fauçiniň pikiriçe, koronawirus keseli ýene birnäçe ýyl dowam edip biler:

Fauçiniň çaklamasy Bill Geýtsden uzak däl. ABŞ-nyň “Coronavirus” iş toparynyň iň abraýly agzalarynyň biri Dr. Fauci, koronawirus epidemiýasynyň dogry şekilde ele alynmasa ýene birnäçe ýyl dowam edip biljekdigini aýtdy.

Muňa garamazdan, jemgyýetiň saglygy nukdaýnazaryndan gözegçilik edip boljakdygyny pikir edýän ABŞ-ly lukman, täsirli sanjymy gowy, ygtybarly, seresap we paýhasly saglyk çäreleri bilen birleşdirip, wirusyň gözegçilik astynda saklanyp biljekdigini aýtdy; 2021-nji ýyla ýetjek sanjym bilen indiki ýylyň ahyryna çenli mümkin boldugyça kadaly ýagdaýa gelip biljekdigini aýtdy.

Adaty ýagdaýa gaýdyp gelmek, wirusyň bütinleý ýok ediljekdigini aňlatmaýar diýip, Fauci: "Planeta togalagynyň taryhynda ýok eden ýeke-täk wirusymyz gül keseldir. Yöne ykdysadyýeti dikeltmek we iş tapmak isleýän adaty durmuşymyza päsgel berip bilmejek derejede gözegçilik edip bileris" -diýdi.

Meşhur lukman sanjymlar taýýar bolýança üýtgemeleri azaltmak üçin çäreleriň dowam etdirilmelidigini aýdýar. Käbir teklipleri eden Fauci, sosial aralykdan ýöremegiň, maska ​​geýmegiň, märekeden gaça durmagyň we ýygy-ýygydan el ýuwmagyň möhümdigini ýene bir gezek ýatlatdy.


Koronawirusa degişli habarlar ýazylsynmy?

Myhman Myhman
12 Iýun 2022
Jigitler
Caryyewajeren
3 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
17 Awgust 2020
fauci berekella
Myhman Myhman
17 Awgust 2020
???????❤
HangeldiAkbayew
17 Awgust 2020
Merdan imo giryanmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.