Dünýäniň 25 baý adamsynyň baýlygy Forbes neşiriniň hasaplamasy boýunça iki aýyň içinde COVID-19 pandemiýasy şertlerinde $255 mlrd ýokarlandy, bu barada kommersant.ru habar berýär. Umumy alanyňda, ol tas $1,5 trilliona ýetdi – bu bolsa dünýäniň ähli milliarderleriniň baýlygynyň 16%-dir.
Facebook kompaniýasyny esaslandyryjy Mark Sukerberg hemmesinden köp gazandy: onuň baýlygy $31 mlrd, ýagny $86,5 milliarda çenli artdy. Ol reýtingiň ýedinji ornundan dördünji orna geçdi. Kompaniýanyň paýnamasynyň, takmynan, 60% gymmatlandygy bellenilip geçilýär. Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň baýlygy $29,9 mlrd, ýagny $146,9 milliarda çenli ýokarlandy. Ol “Forbesiň” hasaplamasy boýunça iň baý adam. Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts öz baýlygyny $11,9 mlrd, ýagny $106,5 milliarda çenli, Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bernar Arno $12,8 mlrd, $94,1 milliarda çenli artdyrdy.
Ýatladyp geçsek, öň dünýäniň iň baý adamlary bir günde $139 mlrd ýitirdiler. Bernar Arno bilen Jeff Bezosyň her biri $4,8 mlrd ýitirdi, Zara kompaniýasynyň eýesi Amansio Ortega $4 mlrd, Mark Sukerberg bolsa $3,48 mlrd ýitirdi.
Öň, Americans for Tax Fairness kompaniýasynyň we Institute for Policy Studies analitik merkeziniň analitik toparlary derňew geçirdiler, oňa laýyklykda ABŞ-nyň baý adamlary öz baýlyklaryny $434 mlrd ýa-da 15% artdyrypdyrlar. Milliarderleriň (600-den gowrak adam) umumy baýlygy pandemiýa döwründe $2,948 trilliondan $3,382 trilliona çenli ýokarlandy.