barlagcy
12.08.2020 16:42
Zeleli ýok,undup goýber baryny,
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn. Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.

Kim bilipdir öňden beýle boljagyn, Ýatlamalar meňem kalbym gowurýar.
Göz öňümde: taplanmadyk geljegim Ahmyryny ýele-göge sowurýar.

Aý,nätjek-dä,pelek işi,gysylma,
Baky däldir munda hiç zat,hasradam.
Bir gün geler,bagt gysdyrar gysymňa Ýüregiňi ýok edersiň gussadan.

Bir men däl-ä dünýä gelip göreniň, Ýatlamalaň ýumagyny çözme sen! Isleýärkäm seniň bagtly bolanyň,
Haýyş edýän,gama boglup gezme sen!

Zeleli ýok,undup goýber baryny
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn. Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.

Aşyr Hanow
28
100
gulshatayewa97
14 Awgust 2020
Paýlaşypdym...
Сhynar
13 Awgust 2020
Гошгы говы гаты халадым туйс говнумден турды. Ашур сагболун!
Myhman Myhman
12 Awgust 2020
Nesip bolsa dostluk juda gowy hem datly šu sõzüñiz aslynda bagdaky miwelerden datly gelýä kõne dünýä gõwnúñe bir gez ýaşarýa M
barlagcy
12 Awgust 2020
Myhman Myhman, kop sag bolun howa hudaya sukur yagsy baglaram su gunler suwaryan bejeryan dine ayba galdy basgasa sowuldy wi hurmada bar yone cig entek hokman iymane gelin yazda bisende
Myhman Myhman
12 Awgust 2020
Dogry sag boluñ meni ýatlanyñyz ün aý bu durmuš alada ýetýâ ýõne saglyk bolsun başga zatlar bolar sizem gowymy išleriñiz ôý içeriñiz bagyñyzam M
barlagcy
12 Awgust 2020
Myhman Myhman, salam Medine tuweleme kop sag bolun name yityaniz sizi yatlasam esidyan yaly iki uc gunden cykyanyz berekella

Gowumy oy icerler isler gowumy saglykmy name onkiler yaly kan girenzok bir pikir alysmana adam gerek bardede
Myhman Myhman
12 Awgust 2020
Salam Dõwran gussaly ýõne goqy goşgy ?Medine
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.