barlagcy
10.08.2020 15:46
Ezizim ot ýakdym ýol ýakasynda
Gel otur
Geçeli ojak başyna
Iskeseñ ikimiz söhbet açaly
Ýalyn ýalkym salsyn degre daşyna.

Her kimiñ öz derdi
Öz hyýaly bar.
Kim meýlise barýar
Kimseler işe
Emma ot başynda
Ojak daşynda
Göwün posy açylýandyr hemişe

Aýby ýok
Käte sen böwrüñi diñläp
Oýa gidip otursañda sedasyz
Göreş tutup
hüjüm edip
Hiç haçan
Ýeñen ýokdur ýer ýüzünde pidasyz.

Aýby ýokdur
Arzuw baryn eksegem
Käte gaty güläýsegem
Aýby ýok
Gözden gizlän hatamyzy aç açan
Ot başynda biläýsegem
Aýby ýok

Arzuw hyýal ot ýalyna öwrülüp
Tüsse deýin gaýyp bolsun gussalar
Elmydama taplaýandyr ot bilen
Ýalaw ýaly ýaraglary ussalar.

Ezizim ot ýakdym ýol ýakasynda
Sowul
Çoýunmaga çagyrýan seni
Ýylynda ýoluña gidiber ýene
Kaýyl men üşäñde ýatlasañ meni

Ata Atajanow


24
51
MaysaJaparowa
2 Sentýabr 2020
Tuweleme ??? hic hili sozum yok men
Myhman Myhman
12 Awgust 2020
Men şu goš gaty halaýan mlds M
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.