barlagcy
07.08.2020 17:46
Kadyr Möwlam, bir dilegim bar senden, Artdyr biziň şöhratymyz, şanymyz.
Altmyş gardaş bolsak mährem eneden,
Bir supraga1 el uzatsak barymyz.

On bäşimiz awlagyny awlasa,
On bäşimiz baştutanlyk eýlese,
Otuzymyz misli aga söýlese,
Içimizde serdar bolsa birimiz.

Bir ýigit silkinip ata müninçä,
Dönüp-dönüp gylyjyny salynça,
Kapyr gelip, bir ýigidi alynça,
Müňkapyra gylyç salsa barymyz.

Garajaoglan diýr, diläliň aman,
Ol belent daglary büredi duman,
Munda Gurhan, ahyretde hem iman, Zowalsyz jennete girsek barymyz.
19
91
MerjenBegowa
14 Awgust 2020
Döwran agan paýlaşan gosgylarna söz ýok tüweleme ???
Cicek
8 Awgust 2020
Gaty gowy gosgy???
EjeshBerdiyeva
8 Awgust 2020
Govy goshgy haladym yekañ chañy chykmaz diyilyar goldamaga dost- doganam hokmsn gerek?
Myhman Myhman
7 Awgust 2020
gaty gowy gosgy sag bol
Myhman Myhman
7 Awgust 2020
Way Jana Garaja oglan yurt zaryny ceken tvrkmenlermizden Gosga tay yok ?

Men Bagvl
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.