barlagcy
05.08.2020 15:37
Söýgüde ädigem zerur

Bilemok, nämüçin ýatdan çykanok,
ÝA başga ýatlama tükenäýdimi?
On bäş ýyl soň ýene düýşüme girdi,
Polýak ussalarnyň tiken ädigi.

Mollamurtuň «Nesihatyn» ýat tutup, Ekzamene taýynlanýan wagtymyz.
Satylýar — diýdiler — modaly ädik,
Beýle ädik — ýetginjegiň bagtydyr.

«Nesihat», ekzamen huşumdan uçdy,
«Birini alaýyn nädiibem bolsa.
Şo gyz meni söýer — diýdim içimden,
— — Geýer ýaly gowy ädigim bolsa.

Bir gowy gyz bardy, biçak owadan, Klasdaşlar bolup, şony söýdük biz. Dostum şol ädigi alan dessine,
Bagtym menden ýüz öwrendir öýdüpdim.

Gowy ädik nesibämde ýok eken,
Hatda aýagma-da görmedim deňäp.
Başga oba göçüp gitdi ol gyz hem,
Näme sebäp boldy, bilmedim men-ä.

Henizlerem söýýänrin şol gözeli,
Kalbymda dogadyr, möhriban ady.
Durmuşda bu, dostlar, erkiň ýetenok,
Käte ol gysganýar bolgusyz zada.

Ynjalyk berenok, ýatdan çykanok, Ykbalyňdan bir zat gädilen bolsa. Göwnüme bolmasa, söýjekdi-le şol
Illeriňki ýaly ädigim bolsa.

Çary Ýegenmyradow
17
349
Cicek
7 Awgust 2020
Fleuur adynyz kim

Hemme yatdy oydyan

Gijaniz rahat bolsun doslar.
Fleurr
7 Awgust 2020
Gowmy yagdaýlaryňyz
Cicek
7 Awgust 2020
Salam
Fleurr
7 Awgust 2020
Salam
Cicek
7 Awgust 2020
Hovva gutordym

Synanşdym medi yõne bolmady

Gowy enkaaa sen gowmy
Gulhatyja
7 Awgust 2020
Gowylay siz gowmy

Myhman Myhman,siz kim tanayasmy
enkaa
7 Awgust 2020
Myhman Myhman, 114mekdebi siz nireli
Myhman Myhman
7 Awgust 2020
enka, haysy mekdebi gutardynyz
enkaa
7 Awgust 2020
Gulhatyja, gowmysynyz
Gulhatyja
7 Awgust 2020
Hello
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.