Ýaşşahyr.
03.08.2020 00:17
Halaýyga habar saldym,
Il dili, ala Pyragym.
Jemagata nazar saldym,
Il dili, ala Pyragym.

Salam berdim almadylar,
Gybat etmän galmadylar,
Haky ýada salmadylar,
Il dili, ala Pyragym.

Her kim, bähbidine çapdy,
Käsi şerden, haýyr tapdy,
Myhman gelse, törün ýapdy,
Il dili, ala Pyragym.

Kuwwaty bolan parlady,
Gurply, garyba harlady,
Perzent, pedere arlady,
Il dili, ala Pyragym.

Hak sözi, goşga ýazaýyn,
Kärimi söýüp, azaýyn,
Ölsemem, belläp galaýyn,
Il dili, ala Pyragym.

Hangeldi ýazara, zat kän,
Ýöne ýazanlaň, bary san,
Her kim, özüçe bir han,
Il dili, ala Pyragym.


Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.




5
92
barlagcy
6 Awgust 2020
Ýaşşahyr., Berekella ustunlik arzuw edyan bellik edya diyme dile dusunyan birinede okadyp gor azmak yigrenmek diyen manyny berenok sen islan pikirini okyja yetirip bilmansin ozunem Pyraga yuzlenyan . Ikinji yone yazanlan bary san sen illerin yazanyna diyen yaly duyulya oz yazan zadyn gurrunini edyan bolsan menlik yonkeman gosulmasyny ulansan gowy bolardy bir hili okyja yetmez yalnys dusunen yalnys ozuce many alar gosgudan

Atalar sozi bilen nakylyn tapawudyny bilyanmi hunari owrende yigren nakylmy ya atalar sozi
Cicek
5 Awgust 2020
???
Ýaşşahyr.
5 Awgust 2020
Käri öwrende ýigren

Kim gulak salýar meň sözüme.Her kim üstümden gülýär
barlagcy
5 Awgust 2020
Karim soyup azaýyn ... azmak name manyda gelýa

Ýöne ýazanlañ bary san ... o name diýdigiñ düşünmedim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.