Ýaşşahyr.
01.08.2020 20:32
Ýer şaryň özi, kiçijik nokatdyr,
Neneň duýup, aglamaýyn Pyragym.
Munda adamlaryň, sussy çöketdir,
Neneň duýup, aglamaýyn Pyragym.

Jennet gapysy, kimsä, nesip eder,
Ynsanlar, baýlyk diýip, hesip eder,
Akmaklar, akyllyny, pesip eder,
Neneň syzyp, aglamaýyn Pyragym.

Dünýäde utulan bada, utan ýok,
Gör, diň sal söze, jahany tutan ýok,
Halaýyksyz, ýer ýüzünde, watan ýok,
Neneň aňyp, aglamaýyn Pyragym.

Ýagdaýy bolman, geýimi, sal-sal bar,
Ýarawly azdyr, her dürliräk hal bar,
Bu eýýamda, agzybirlik ýok, al bar,
Neneň görüp, aglamaýyn Pyragym.

Jansyz serişdä, amanlyk, ne derkar,
Ýagşy ynsana, ýamanlyk, ne derkar,
Goşary egrä, gümanlyk, ne derkar,
Neneň bilip, aglamaýyn Pyragym.

Hangeldi, şygryýetiňde, kemiň bar,
Haky sözlegin, bäş günlük, demiň bar,
Söz ussady, Magtymguly Piriň bar,
Neneň uýup, aglamaýyn Pyragym.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
3
384
Ýaşşahyr.
2 Awgust 2020
Sag boluň Taňryýalkasyn sylaňňyza.Alladan gaýtsyn sylaňňyz.Howwa özüm düzýän.
Myhman Myhman
2 Awgust 2020
Gowy gosgy maladis?ozuniz duzyanizmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.