barlagcy
01.08.2020 17:21
Ejemiň gyzgynjak elinden tutup,
Duýman barýan ýoluň büdür-südürin.
Diýýän: «Eje, men seň akyl gyzyňmy?!»,
– «Hawa-la, tokarjam, hawa, küdürim!

Sen meň akyl gyzym, sen meň ýüregim,
Saňa bagly umytlarmyň wysaly.
Sen meň arzuwlarym, sen meň dilegim,
Dogduň durmuşymda Güneş mysaly.

Men görmesem, meni gören göz görer,
Pynhan arzuwlarmy gülledeniňi.
Men bolmaryn, kän-kän zatlar özgerer,
Bilersiň içimi hümledenimi.

Sebäbi sen gyzym, kalbym parçasy,
Ejäniň halyna düşüner gyzy…».
Uçdy birden gül ömrümiň syrçasy,
Gözýaşa gömüldi ýatlamaň yzy.

Kän zatlar özgerdi, utulup, utup,
Bildim maňa mähriň galkandygyny.
Eje, bilen bolsam eliňden tutup,
Bilmezdim bu ýollaň çarkandagyny…

Gulsirin Hanowa
15
381
Myhman Myhman
7 Awgust 2020
Soz yok
Myhman Myhman
5 Awgust 2020
Gowy gosgy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.