serdarAnnagylyjow
01.08.2020 10:50
Bu waka beýik fizik Ernest Rezerfordyň sözlerinden alnan. Waka Kopengagen uniwersitetiniň bir talyby bilen bolup geçen. Şol wagtlar bu talyp hiç kime nämälim ýönekeý oglanjyk bolupdyr.

Rezerfordyň işdeşleri alyma şol talyby we birnäçe beýleki talyplary synagyň soragyny bilmändikleri we özlerini aklaýandyklary üçin paş ekmekligi haýyş edipdirler. Sorag şeýle görnüşde bolupdyr: “Düşündiriň, barometr (barometr – atmosfera basyşyny ölçeýän abzal) bilen nädip uzyn binanyň beýikligini ölçäp bolar”. Fizikany bilýän islendik adam bu soragyň jogabyny arkaýynlyk bilen aýdar. Ýagny, ilki bilen binanyň aşagyndaky atmosfera basyşyny barometr bilen ölçemeli, soňam binanyň ýokarsyndaky atmosfera basyşyny ölçemeli. Alynan maglumatlar boýunça barometrik formulany ulanyp, binanyň beýikligini tapyp bolar....Şeýledämi näme?



Bu ýerde p – binanyň ýokarsyndaky basyş, p0 – binanyň düýbündäki basyş, М - howwanyň molýar massasy, g – erkin gaçmanyň tizlenmesi, h-h0 – binanyň ýokarsy bilen aşagyndaky beýikleriň tapawudy, R – uniwersal gaz hemişeligi, Т – howwanyň temperaturasy.

Hemme zat gaty ýönekeý, emma, talybyň jogaby şeýle bolupdyr: “Ilki bilen binanyň ýokarsyna barometr bilen çykýas, baromerti ýüpe daňyp, binanyň düýbüne çenli sallaýas. Ýüpüň uzynlygyny ölçeýäs. Ine, şeýdibem, binanyň uzynlygyny takyk ölçeýäs J”. Bir tarapdan bu jogap dogry, ýöne synag fizika dersindendi, soňam bu jogabyň fizika bilen baglanşykly ýeri gaty azdy.

Rezerford talyba ýene bir mümkinçilik bermegi karar edýär. Ol talyba alty minut wagt berip, täzeden pikirlenmegi we jogapda fizikanyň kanunlaryny göresi gelýändigini aýdýar. Ýöne, oňa garamazdan, bäş minutlap talybyň listi arassaja durýar. Talyp kellesinde birnäçe pikirleriň bardygyny we olaryň içinden iň gowularyny saýlajakdygyny aýdýar.

Jogaplaryň biri şeýle görnüşde bolupdyr: “barometr bilen binaň ýokarsyna galmaly we barometri aşak zyňmaly. Ýere düşme wagtyny hasaplamaly. Soň biz h = gt2/2 formula arkaly binanyň beýikligini kesgitläp bileris”. Bu-da gyzykly jogap, hem dogry, fizikanyň kanunlary hem ulanyldy, ýöne garaşylýan jogap däl.
Ýöne talyp bu jogap bilen çäklenmändir. Ine, ýe-de bir beren jogaby: “Güneşli gün daşary çykyp barometriň beýikligini ölçemeli, soňam barometriň we binanyň kölegesiniň uzynlygyny ölçäp, ýönekeýje proporsiýa arkaly binanyň beýikligini hasaplap bolar”.
Üçünji jogap şeýle görnüşde bolupdyr: “Size ýarajak iň ýönekeý usuly hem bar. Siz barometri eliňize alýaňyz, merdiwan bilen bina dyrmaşýaňyz we barometriň uzynlygy ölçegde diwara bellik etýäňiz. Soň, bellikleri sanap we alan sanyňyzy barometriň uzynlygyna köpeldip binanyň beýikligini takyk hasaplaýaňyz. Diýseň aýdyň usul.”
Ýene birnäçe jogaplar bolupdyr. Içinde has gyzyklylarynyň biri:

“Eliňize barometri alyň we binanyň dolandyryjysynyň ýanyna baryň we oňa aýdyň: “Jenap dolandyryjy, mende ajaýyp barometr bar. Eger siz şu binanyň uzynlygyny aýtsaňyz, ol siziňki”.

Onda, Rezerford talypdan sorapdyr, çyndanam ol soragyň umumy kabul edilen jogabyny bilenokmyka? Talyp soragyň jogabyny bilýändigini we okuwçylary özleri ýaly pikir etmäge mejbur etýän mugallymly mekdepden we kolležden doýandygyny aýdypdyr.

Bu üýtgeşik talyp “atomyň gurluşyny öwrenendigi üçin” nobel baýragynyň eýesi, fizikanyň görnükli alymy Nils Bor!

Gadyrdan dostlar, özüňizçe, indiwidual pikir ediň!!!

Üns bereniňiz üçin sag boluň!
70
1 857
Cicek
4 Awgust 2020
Oran onat makala yene makalalara???
Myhman Myhman
4 Awgust 2020
Gaty gowy her zadyn dine 1 tarapy bn oturmaly dala bolman on dvrli gyzykly manyly taraplary kan mana uly howes berdiniz minnetdar sular yaly makalanyzyn hori hop bolsun?????
Incredible
3 Awgust 2020
Respect bro
Myhman Myhman
2 Awgust 2020
Oran onat makala yene garasyas seyle makalalara ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.