Özge ýara bakmaz meniñ gözlerim
Sebäp sower ýara beren sözüm bar
Ondan başga güle uzamaz elim
Anbar ysly ter açylan gülüm bar
Ir säher gül kimin ýaldyrap dogar
Saçynyñ bir tary müñ gyza deger
Dagdan çölden ýadap geläýsem eger
Teşne kalbym gandyrmaga balym bar.
Biziñ aramyzda bolmasyn ýalan
Ilki akla girip ýüregim syzan
Munda döwran sürmek üçin señ bilen
Şatlykdan şowhundan doly günüm bar.
Bilbil bolup òzge baga gonmaryn
Şol baglaryñ miwesinden ýolmaryn
Sözüm sözdir şol sözümden dänmerin
Öz bagymda alma enar üzüm bar.
Aşyk oglan baş goýýaryn ýoluna
Ölinçäñ bu ýoldan dönme yzyña
Ahyr bir gün kast eýleýip janyma
Meni senden aýra saljak ölüm bar.