Ajayyp_
25.07.2020 15:55
Bagt diyen zadyn barlygy,
Owal-ahyrda cyn bolsa,
Bilgin,bagtyñ das yardygy,
Bu dunyade ejen bolsa!

Caga wagtyn bir den-dusun,
Oyunjagny gujenlese,
Mende yok diyip cytma gasyñ,
Alyp berer ejen bolsa!

Toyunda-da,yasynda-da,
Jankoyerlerin jem bolsa,
Solaryn arasyndada
Nahili bagt ejen bolsa!

Aladalar hemma yeter,
Kate yuzunde çañ bolsa,
Oz-ozi supürler gider,
Ýanyna bar ejeñ bolsa!

Birden çaý içip otyrkañ,
Käsañde boýçy çommalsa,
Başgalara garaşma kän,
Gapyda-dyr ejeñ bolsa!

Dilindeka sükùr, toba,
Isiñ ilerlap on bolsa,
Razydyr senden käbäñ,
Barlap göräý-ejeñ bolsa!

Intizar goz bn garar,
Ýola şaýyn ykjamlansa,
Bilýänni owreder sargar,
Bosagada-ejen bolsa!

Garasmaga başlar onsañ,
Girer çykar ynjalmasa,
Geleniñde hemmeden öň,
Gujak gerer ejeñ bolsa!

Sana bir sozum bar dogan,
Akyl arygyñ çuñ bolsa,
Gorup,ganyp, guwan, gönen,
Entek diri ejen bolsa!

Dùnyalerin doludurla,
Ulam bolsa, kiçem bolsa,
Yurejigiñ suwlydyr-la
Gapdalyñda ejeñjan bolsa!!!


Gurbanyaz Daşgynow






7
240
Xanaga
25 Noýabr 2020
???
guli_
31 Oktýabr 2020
❤❤❤❤❤❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.