Ýelden-günden gorap uçurymlaryn,
Döş gerip, käkilik beripmişin jan.
Men seniň şatlygyň, dünýäň, döwranyň,
Hasyl bolan myradyň men, eje jan!
Döräpsiň sen meni döretmek üçin,
Zemine ýaşaýyş ýaýratmak üçin,
Meni – asman, özüň ýer etmek üçin
Dünýä inipsiň sen özüň, eje jan!
Meni goşmak üçin adam sanyna,
Kän hupbatlar gördüň, dözdüň janyňa.
Agşam sallançagy alyp ýanyňa,
Gije ukyňy dört böldüň, eje jan!
“Men ejemi öz aýamda saklaýan,
Ine, şeýdip, emen süýdüm haklaýan”,
Diýen söz bikärdir diýip çaklaýan,
Saňa borjy ödäp bolmaz, eje jan!
Käte gidýän ýykyp seniň sözüňi,
Kä sähel zat üçin alýan ýüzüňi,
Aýt, nireden alýaň beýle dözümi,
Ählisine çydaýaň sen, eje jan!
Mydam küýüm-köçäm aýalym, çagam,
Sowgat alsam, seni unudaýýan, käbäm,
Başga hiç kim geçmez meniň bu günäm,
Diňe sensiň bagyşlaýan, eje jan!
Sen – miweli daragt, men bir iýmişiň,
Boýum görseň, dolýar eg durmuşyň.
Her alnan dem üçin egýärin başym,
Baky minnetdar men saňa, eje jan!
Ybraýym Yusup