barlagcy
23.07.2020 18:28
Şu gün saňa telwas etdim ýene men,
Eý, sen, päklik hem gözellik ölçegi.
Azary ýetikdir gaýyn eneňem,
Belli däl, pahyryň haçan öljegi.

Öňden belli zadyň gyzygam bolmaz, Söýmezdim-le beýle boljagyn bilsem.
Ýöne, hasaplabam söýüp bolanok,
Ýa-da söýgüde-de barmyka tilsim?

Akyl satýan akylsyzlar köpelip,
Ýaşyň on sekize ýeten mahaly.
Söýgi aýp zatdyr obada diýip,
Guratdylar göze ilen nahaly.

Indi-indi şo günleri ýatlasam,
Özümi ýazgarýan ilki bilen men.
Men batyr ekenim beýnisi ýuka — Durmuşyň al salýan tilkilerinden.

Käte seni sorap, barasym gelýär,
Ýöne, uýat bolar, saňa gep geler.
Arzuwlary ýuwaş-ýuwaş könelip,
Günler geçip barýar, geçýär hepdeler.

Gowy bolsun çagalaryň görjegi,
Ýetişýär gyzlarmyz, ogullarymyz.
Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde doglumagymyz.

Çary Ýegenmyradow
18
478
Cicek
5 Awgust 2020
Gynandym ?
Myhman Myhman
5 Awgust 2020
Gynandym ahmyr hic kime berilmesinda?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.