sahet_ashyrov
21.07.2020 08:50
Bagt dälmi

Säher güni görýän gije hem aýy.
Ýyldyzlaram görýän, görýän asmany.
Şemalyň mährini duýýan tenimde.
Şularyň özi hem bir bagt dälmi?!

Içip bilýäs suwy akar çeşmeden.
Dadyp bilýäs gyzgynjak petir nany.
Kakamyzdan alýas ata mährini.
Ejemizden söýgi almak bagt dälmi?!

Bolsa gelniň edepli hem asylly.
Bolsa ogluň agras, namysly, arly,
Bolsa gyzyň on barmagy hünärli.
Şolaň arasynda bolmak bagt dälmi?!

Rysgymyz ýetip dur Hudaýa şükür.
Nebsime ylgamok ýok erbet pikir.
Halkym menden bolsa mydam razy.
Iliň ogly bolmaklyk bir bagt dälmi?
3
773
Myhman Myhman
6 Awgust 2020
Gaty gowy BEREKELLA sular yaly manyly gosgulan sany kan bolsun??
Allayarova
30 Iýul 2020
Menem haladym????
Myhman Myhman
21 Iýul 2020
Халадым
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.