sahet_ashyrov
21.07.2020 08:39
UTANJAŇ GYZ

Ýene penjireden ýollara garap,
Sahu-jemalyna berýär ol timar.
Gol degmedik gül göwsüniň üstünde
Tolkunjyrap ýatyr bir jübüt şamar.
Owadan gyz ýanýar bir derde uçrap —
Wah, bir ýandan söýgi,
Bir ýandan ejap.

Ne içeri sygýar, ne bir daşary,
Garaşmakdan gyz takaty püre-pür.
«Heý, bolmazmy seniň ýoluň düşeri,
Heý, gelmezmiň, hiç bolmanda, güne bir?»
Gyzy basmarlaýar yzaly güzap,
Wah, bir ýandan söýgi,
Bir ýandan ejap.

Aýdyma hiňlense ejesi duýjak,
Hiňlenmese gyzyň aglasy gelýär.
Nädip gyz halyňa ilki söz diýjek?
Uýalýar gyz, öz-özünden uýalýar
Hem barýar tutaşýan heserden eräp,
Wah, bir ýandan söýgi,
Bir ýandan ejap.

Dabannyň astynda aýlanýar zemin,
Depesinde mawy asman aýlanýar.
Owadan gyz ne-hä däliräp bilýär,
Ne ýolugan bu derdinden aýňalýar.
Iýip gelýär gyzyň ýüregin myjap,
Wah, bir ýandan söýgi,
Bir ýandan ejap.

N. Rejepow
3
1 085
Myhman Myhman
6 Awgust 2020
BEREKELLA diymekden basga sozvm yok mena
Myhman Myhman
21 Iýul 2020
Bar
Blume?
21 Iýul 2020
Indi onun yaly gyz barmy
Myhman Myhman
21 Iýul 2020
Халадым
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.