barlagcy
20.07.2020 17:30
Ýürek gursagyma sygmady bu gün, Ýylgyryp garaý, gyz, köşeşeýin men. Götertmedi yşkyň kysmaty bu gün, Halymy soraý gyz, köşeşeýin men.

Bulutlar bu dertden ýagyp ýeňleýär, Perwana alaçsyz ýanyp ýeňleýär,
Adam ogly syryn ýaýyp ýeňleýär,
Bir pursat duraý gyz, köşeşeýin men.

Hem dermanym, hem-de derdim diňe sen, Örteme jigerim dile-dile sen.
Söz bilen däl, ala gözler bile sen,
Wada bir beräý gyz, köşeşeýin men.

Şar gara gözleriň jady-la seniň,
Çirkizdi ýüregmi oduna meniň.
Gözlerimi süzüp adyňa seniň
«Jan» goşup Suraý gyz, köşeşeýin men.
17
744
Myhman Myhman
23 Iýul 2020
Кэн озине чекенок бу гошгы
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.