Iñ owadan ölüm seniň gözleňde,
Hezil edip ölýän öldüren wagtyň.
Çünki gözleriňden bakylyk tapýan,
Iki janly bolup oýanýan soňam,
Saçlarymy sypap, galdyran wagtyň.
Million ýyllap ýaşap ýören ýaly men,
Söýmegimiň çuňlugundan baş alsaň.
Aslynda, ölmejek ýaly ekeniň,
Eger söýüp ýaşamagy başarsaň.
Bu goşgymam saňa düşnüksiz gerek?
Samradýar-da, kalba siňse yşk nury.
Lenç edilen illeň melegi däl sen,
Sen sadaja ojagymyň meşhury.
Biz üçin hiç bir zat çylşyrymly däl,
Durmuşy ejizler günäkärlesin.
Düşmese bor aramyza aýralyk,
Çözeris biz aýralykdan bärkisin.
Men juda şat, ynsanlygym özgerdi,
Saňa ykbalymy aldyran wagtym.
Iň owadan ölüm seniň gözleňde,
Hezil edip ölýän, öldüren wagtyň.