Ýadygärlik surat..
Ýenede gün dogdy. Paýlandy poçta.
Gyzdan hat gelipdir... kyrk sekiz ýaşda.
Ýazmak gadagan däl. Gelibersin hat.
( Başga näme işiñ bar jogap berde ýat..)
Pylanowa Jemal...yzynda bukjañ
Guwandym synladym agzyny açman.
Adresi nagyşly gyrasy jähek
Megerem ýazan gyz mähekdir mähek.
Bukjañ arkasynda owadan setir...
'' poçta hatym äkit jogabyn getir,,
Çaýyldy ýüzime harplaryn näzi
Meger harplardanam näzlidir özi.
...bir gezek çekemde söküldi ýelim
Gaçdy ak bukjadan ak ýüzli gelin.
Suratyñ astynda owadan setir
Poçta suratym elt suratyn getir.
Aşaky dodagyn gizläp dur ýaşmak
Şony hem syraýsañ-
Bal süýnip gaçjak.
Bukjanyñ içinde bir bölejik hat
Menden sowgat bolsun şujagaz surat.
Iberip bilseñiz ýadygär kitap
Heziller ederdim okap okap okap.
Içine salsañyz ýadygär surat
Ondaha has beter açardym ganat.
Sizede goşgada aşyk men aşyk
Ýöne , wah armanly geçdidä ýaşlyk.
Kyrk ýyl çekip gezdim aşyklyk derdin...
Indem..... altmyş...."
...Gelin,
...işimä gördüñ!...
Kerim Gurbannepesow