Bir çarwa adam:
— Eý, adamlar, dileg bilen ýüzlenilende eşitmediksireýäne ýa-da dileg bilen geleniň hajatyny bitirmäge güýji ýetibem etmeýänlere Alla rehim etsin. Älem-jahan giňdir, adamyň ýagdaýy üýtgäp durýandyr. Bu gün ol adama dileg bilen ýüz tutulýan bolsa, ertir onuň özüniň dileg etmäge mejbur bolmagy ahmal. Allany ýatlaň, size baýlygy berýänem, alýanam Allatagalladyr — diýýär.
Onuň sözleri adamlara ýarap:
— Sen kim — diýip soraýarlar. Ol:
— Men ýaňky aýdanlarymy başyndan geçirip gören adam — diýýär.