Dowamy...
Hawa, kabinete giren Bolşakowy görüp, nämäň-nämedigini bada-bat göz ýetirdim. Ol mendäki partiýa guramasyna
degişli ähli dokumenti aldy. Ýanymda rabfagy gutaranlygym hakda diplomym, partbiletim bardy, onam aldy. So-
ňam maşyna mündürip, türmä äkitdi. Türmede birnäçe
gün ýatdym. Aşgabadyň gaýraky türmesinde. Soň soraga çagyrdylar. O jaýda-ha Aýtakowa sorag edip durlar, bu
taýda-da menden. Meni tutup getiren Bolşakow menden
sorag edýär. Aýtakow boýun alanok. «Ýalan — diýýä —
hemmesi». Şeý diýip durdy weli — «Ýok, gol çekersiň» diyip sülçiň gazaply sesini eşidýän. Olam «Çekmen» diýýä. Şo
wagtam iki sany soldaty çagyrdylar. Olar Aýtakowy urup
başladylar. «Wah, wah» diýdi pahyr. Äkidenlerinde meň
üstümden geçip gitdi, şonda ol maňa garap «Bäşim!» diýdi.
Menem «hä» diýdim. Oňa deňiç çykaryp äkitdiler. Menden
sorag edip oturan Bolşakow howumy basjak bolup:
— Gördüňmi? — diýdi.
— Gördüm. Näme, urasyň gelýämi? Ur! — diýdim.
Soň ol:
— Aýdan zatlaňňy bolşy-bolşy ýaly, üýtgetman ýazdym
diýdi.
Ol ýazan zadyny ýeter-ýetmez görkezen boldy.
— Göremok — diýdim.
— Galmagal etme. Ýaňkylary çagyryn — diýdi.
Onýança-da gapydan harby eşikli adam girdi. Ýüzüne
bir seretdim weli, tanyş ýüz...
Dowamy bar...