barlagcy
17.07.2020 17:26
Gözelleň ählisin goýup bir ýana,
Seçip-saýlap, seni söýsem, söýermiň?
Ýaz görkiňe aşyk bolup gaýbana,
Gül keşbiňe hormat goýsam, söýermiň?

Gar küräp, tüweleý her ýän çäpanda, Asman-zemin bir-birini tapanda,
Gazaply aýäzda, apy-tupanda
Ýoluňä seredip, buýsam söýermiň?

Kä açyldyň asman ýaly durlanyp,
Kä gülüp näz etdiň, kä gaharlanyp, Mübärek gaşyňda her ýan pylanyp, Perwanalar bolup köýsem, söýermiň?

Jemalyň kalbymda mukam döredip,
Haýran etdiň ýüregimi eredip,
Ýa-da gözleriňe göno seredip:
“Gülüm, seni söýýän” diýsem, söýermiň
Halyl Kulyýew
21
1 421
Myhman Myhman
7 Awgust 2020
???
Gulhatyja
4 Awgust 2020
Meniň jogabym howa soyern ??? bu gosga yok diyjek adam yoga ??
barlagcy
19 Iýul 2020
Salam
Myhman Myhman
19 Iýul 2020
salam
Myhman Myhman
19 Iýul 2020
Salam
barlagcy
18 Iýul 2020
Myhman Myhman, salam medine gowumy yagdaylarynyz sagaman isleyanizmi gorunmedinizle . Bizem yagsyy gowy hudaya sukur

Barlagcy,siz paylasa giryanizmi medine ya ulananzokmy ony
Myhman Myhman
18 Iýul 2020
Selam Dôwran gowy şahyr goşgam gowy õzûñizem gowymy ýagdaýlaryñyz?Medine
barlagcy
17 Iýul 2020
annush_annaberdiyew, howa Halyl sahyryn ozgelere menlemeyan ozbolusly doredijiligi bar. Onun sygyrlary mylayymlygy yakymly we akgynly okalmagy bn tapawutlanya

Gülşat Ataýewa, Halyl agan gosgularynyn hemmesem gowa Gulsat yone su iki gosgyny menem has gowy goryan
annush_annaberdiyew
17 Iýul 2020
tanysh gorundi diydimou Halyl ekena
gulshatayewa97
17 Iýul 2020
Buda gowy görýän goşgularmyň biri?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.