sahet_ashyrov
17.07.2020 11:36
Dowamy...

«GERDIŞI KEÇ GAHBA PELEK
ELINDEN...»

— Otuz ýedinji ýyl basa-baslyk başlandy. Atabaýew, Aýtakow, Gurban Sähedow, Sähetmyradow we başga-da gaty kän tanyş-biliş tutuldy. Bir gün edarada işläp otyrdym. O wagtlar men «Türkmenbirleşigiň» partorgy. «Partiýanyň şäher komitetinde
ýygnak bar. Şoňa gatnaşmaly» diýdiler. Bardym. Ýygnagy Merkezi Komitetiň sekretary Anna Muhammedowyň özi
alyp barýar. Ol şonda özüniň Moskwa, Staliniň ýanyna barşy hakda gürrüň berdi. Onuň gürrüňi, ýalňyşmasam şeýleräkdi: Staliniň ýanyna girmek üçin kabulhanasynda
üç gün oturýar. Üçünji günüň agşamsy, gijara ol oň bilen gürleşmäge wagt tapýar. Özüniň Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji
sekretarydygyny aýdýar. Ol şonda:
— Näme üçin Eýran, Owgan serhedinden basmaçylar geçýär? — diýip soraýar.
Anna Muhammedowam basmaçylaryň garşysyna berk göreşýändiklerini aýdýar.
Soň ol Atabaýewiň Moskwa gelende zol-zol Rykowyň ýanyna barýandygynyň sebäbini soraýar. Anna Muhammedowam «Hojalyk meselelerini çözmek üçin» diýip jogap
berýär. Şondan soň Stalin oňa başga sowal bermän, «Bar ötägit» diýipdir. Anna Muhammedow ýagdaý bilen tanyşdyryp, çykyş edip bolandan soň, adamlar geýdirilişip ugradylar. Şonda GPU-nyň başlygy çykyş edip:
— GPU-nyň ýerzemininde halk duşmanlarynyň 250-si ýatyr. Ertire çenli bu san hasam köpelse gerek — diýdi.
Dogrudanam, ýygnakda oturan enkewedeçiler köpdi. Bir oňa seredýäler, bir muňa seredýäler. Ertesi gördük weli,
aktiwde oturanlaryň ençemesiniň basylandygyny eşidip galdyk.
Noýabryň ýa 21-di ýa-da 22-sidi, meň yzymdanam Bolşakow familiýaly sülçi geldi. Şo wagt işdedim...

Dowamy bar...
3
303
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.