Dowamy..
Bu ýakasy gaýyşly naçalnigiň eden-etdiligi hakda gazetiň bir sahypasyny dolduryp tankydy makala ýazdym. Ähli pyssy-pyjurlygyny görkezdim. Ol şikaýat edip, ilki okružkoma ýüz tutupdyr. Okružkomda-da maňa «indikile gaýtalama» diýip, käýäp goýberdiler. Naçalnik muň bilenem
kanagat etmän, Merkezi Komitete hat ýazypdyr. Ýokardanam hat gelipdir: Meni wezipeden boşatmaly. Daşhowuz okružkomynyň sekretary Han Atamyşew maňa käýedi.
Aýyrmagam kyn görýär. Kadr ýok.
— Sen syýasy bölümiň naçalnigini tankyt etmeli däldigini bilmeýädiňmi? — diýip sorady. Menem:
— Bilýädim — diýdim.
— Onda näme beýdýäň? — diýdi.
— Edýän zady çydar ýaly däl — diýdim.
— Seň işiň däl. Haramzada — diýip sögündi.
Şo gürrüňçilikde tankyt edilen adamam, GPU-nyň naçalnigem otyr. Karar kabul etdiler: işden boşatmaly gürrüň gutardy. Okrispolkomyň başlygy Begjanow ertesi meni ýanyna çagyryp:
— Seni okrispolkoma1
işe aljak. Instruktor bolup işlärsiň — diýdi. Işe başladym. birnäçe wagtdan soň yzymdan habar geldi «öýerjek» diýip, Baýramala «Täze ýol» gazetine
işe geldim. Işläberdim. 1943-nji ýyla çenli şo, gazetde işledim. Kolhozlara pyýada giderdik. Azyndan on bäş-ýigrimi
kilometr ýol ýörärdik. Hemme zat hakda ýazýardyk. Ýöne edýän işimize ýürekden uýýardyk.
— Otuz ýedinji ýylda işdeş ýoldaşlaryňyzdan tutulany boldumy?
— Men şo wagt «Täze ýol» raýon gazetinde işleýärdim.
Redaksiýamyzda bir sakgally ýaşuly adam işleýärdi. Hoja gazaklaryndan. Özem Aýtakowyň tiresinden eken. Menem jogapkär sekretar. Başga-da redaksiýada 4-5 adam bardy. Aýtakowyňam tutulan wagtlary. Şo ýaşuly «Aýtakow nähak tutuldy» diýip gürrüň edýärdi. Pahyry bir gün tutup äkitdiler. Şo gürrüňleri üçin ýygnalypdyr diýip eşitdik. Soň ol öwrülip gelmedi.
— Ýene-de mekdep ýyllaryňyza dolanaýalyň. Her niçigem bolsa oglanlyk ýyllarynyň ýatlamalary adamy şo ýyllara dolan ýaly edýär.
— Elbetde, adam garrasa-da, göwni garramazmyş. Nyzama durup, marş aýdymlaryny aýdardyk.
Sahatowdyr partiýanyň başlygy,
Işçi-daýhanlaryň göwün hoşlugy,
Merkezmiziň Aşgabatdan daşlygy
Indi Aşgabada geçdi diýdiler.
Ine, biziň bir marş aýdymymyz. Abdysalamow diýip komandirimiz bardy şo wagt. Ertir irden ylgadyp, birküç
gezek aýlaýa uly howlyň daşyna.
Haýyrsyz, sahawatsyz, eý, gan içen baýlar,
Baýlyk sizden gider, döwran eglenmez.
Köşekli, torumly gumdaky baýlar,
Köşek sizden gider, torum eglenmez.
Şular biziň marşymyzdy.
Dowamy bar...