sahet_ashyrov
14.07.2020 09:05
Dowamy...

Bir gezek men Türkmengala komandirowka gitdim. Hojalyklara aýlanyp, işlerimi bitiripdim. Şonda maňa bir Işanyň ýetişen üç gyzynam durmuşa çykarman saklaýandy-gyny gürrüň berdiler. Biri ýigrimi, biri ýigrimi alty, birem otuz ýaşynda.
Aşgabada gelemde men muny gürrüň berdim: «Hany ber maňa» diýdi, Agahan Durdy-ha däldi. Ýadymda däl. Ýazdy. Nähili ýazypdyr: Bir gün giçläp öý eýesi gelýär.
Aýallar ýatyr. Çykarynyp girdi welin iki gyzyň arasy eken. «Aý, kaka, mendirin» diýýä gyzy. «Tokmakda» bardyr şol.
Şuňa meňzeş wejera zatlaram ýazyldy. Häzir saklanylýa. Dürtmeräk ýagdaýda işledik.
— Gazetde işlemegiňize sowet-partiýa mekdebini tamamlamagyňyzyň hem kömegi degendir-le?
— Gürruňi näme? Ýöne mekdepde okamyzda ýekeje-de türkmen mugallymy ýokdy. Köpüsi azerbaýjandy. Atabaýew, Aýtakow, Sähetmyradow dagam aýda bir gezek gelip,
leksiýa berýärdiler. Atabaýewiň elinde kişmiş ýa-da hozdur. Döwýänje zadam bardyr. «Hä, oglanlar, şü tamlary, şü tamlary, köçeleri görýäňizmi» diýýädi. «Biz oglankagam
şu zatlar bardy. Bularyň gitjek ýeri bolmaz» diýýädi. «Häzir okuwyňyz bilen boluň. Okanyňyz okanyňyzdyr. Bular gaçyp gitmez» diýýä.
Ýene-de bir gezek Atabaýew şeý diýdi:
«Biziň türkmenimiz birhili ýagdaýda. Nesihat berýäň, töwella edýäň. Alanok. Indi oňa näme etmek bolýa. Gatyňy görkezmeli bolýa. Şu taýda wokzalyň ýeňse tarapyndan türkmen obasy bar. Şemiller diýip, iki-üç dogan bar weli, işleri adam öldürme. «Bu kärlerini goýsunlar» diýip, telim adam iberdim. Etmediler. Ahyry ýygnamaly boldy. Indi günälerini boýunlaryna goýup, özlerinem öldürmeli boljak» diýip aýdany ýadymda.
— «Şuralar Türkmenistanynda» köp wagtlap işlediňizmi?
— «Daşhowuzda täze gazet açylýa» diýip eşitdik. Esen Soltannyýazam Merkezi Komitetde metbugat bölüminde işleýä. Bir gün meni tutdy. «Men-ä gitjek däl» diýdim. «Gitmeseň gaty erbet bolar» diýdi. Özümem komsomol çleni, 26-27 ýaşlarymda. Gitmeli boldum. Şeýdip o gazetem ýola saldyk. Wagtynda-da çykaryp bilmedik. «Bolşewik» ady bilen çykdy.
Daşhowuz raýonynyň MTS-niň syýasy bölüminiň naçalnigine Oraz diýerdiler. Ýeňil maşyny bar. Bi barýa-da meýdanda işläp ýören aýallara barmagyny görkezip «Gel»
diýýär. Hiç kimden çekinenok. Kisesinde sapançasy bar. Olam gelýä. «Maşyna mün, seni gezdirmäge äkideýin» diýýär. Äkidýär. Agşam getirýämi ýa öýüne äkidýämi, alla
bilsin. Ertesi ýene bir başga kolhoza gidýä. Şeýdip ýör bi. Şo wagtlar Merkezi komitetiň görkezmesi bardy: syýasy bölümiň naçalniginiň adresine tankydy zat ýazmaly däl.
Men ondan habarlydym.

Dowamy bar...
2
555
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.