Dowamy...
ÝAŞULY ŽURNALIST
82 ýaşly Gazak Geldiýew Baýramaly şäherinde ýaşaýar. Ol otuzynjy ýylda «Şuralar Türkmenistany» gazetinde işläpdir. Şo ýyllar bu gazetiň redaksiýasynda işlänlerden indi
ýek-tük galypdyr. Gazak aga bilen men 1990-njy ýylyň aprelinde söhbetdeş bolupdym.
— Gazak aga, siz türkmen sowet metbugatynyň ýaşuly wekilleriniň biri. Gazete işe gelşiňiz hakda birki agyz
gürrüň beräýseňiz?
— Onda men gürrüňi başdan Aşgabatda sowet-partiýa mekdebinde okan döwrümizden başlaýyn. Men bu dört ýyllyk mekdebi ýigrimi ýedinji ýylda gutardym. Meni «Goşçular» soýuzynyň garamagyna iberdiler. Oň başlygyna-da Saparja Amanekow diýerdiler. Olam meni Baýramaly raýon
«Goşçular» soýuzyna işe iberdi. Oň başlygyna-da Garakese Mergen diýerdiler. Birwagtlar TKP MK-nyň2 birinji sekretary bolup işlän Jumadurdy Garaýewiň kakasy. Mende
onuň goly çekilen dokument hem bar. O ýerde-de bir ýyl işlämsoň daýhanlar öýüniň müdiri bolup işläp başladym.
Soň mekdeplerde mugallym ýetmänsoň, mugallym bolmaly diýdiler. Mekdepde-de bir ýyl işledim. Şo ýerde-de gazete habar ýazyp başladym. Habarçylygam gyzykly bolar eken. Gazetde ýygy-ýygydan çykyş edip başladym. Otuzynjy ýylda redaksiýadakylaryň hem gözlerine ilendirin-dä, meni «Şuralar Türkmenistany» gazetine işe aldylar. Şo döwürde gazetde Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Şaly
Kekilow, Aşyr Annabaýew, Aşyr Keşik dagy işleýän eken.
Gazet arap elipbisinde çykýardy. «J. Ý. Halmyradow ýa-da Gurtmyradow» diýlip gazete gol çekilýärdi. Ol TK(b)P
MK-nyň1 hem-de Türkmenistan Sosialistik Şuralar Jemhuriýetiniň Merkezi Ijraýyl Komitetiniň organydy. Işläp ýörün. Öwüt-nesihat ýok. Konsultantam ýok. Birsalym bir
bölümde saklap, biriniň-ikisiniň ýanynda goýýa, bir aýdan soň başga ýerik geçirýä. Eline papka berip, komandirowka ugradýandyr. Çärjewe, Kerkä, Mara, Daşhowza kän iberenokdylar. Ol ýerler howpludy. Janyňa kast edilýän halatlary
az bolanokdy. Komandirowka baramyzda, raýkoma girmezdik. Öňi
bilen GPU-a2 barardyk. Redaksiýada komandirowka gitmeziň öňünçäsi «Şoň işiginden garagyn. Şahadatnamaňy görkezgin» diýýärdiler. Ol ýere baraňsoň, bellik ederdiler-de, «Dolanyp geleňde ýene gel» diýip tabşyrýardylar. Dogrusyny aýtsaň, şo wagtlar redaksiýada ýolbaşçylyk gowşakdy. Tejribesiz-likden makala ýazaňda şo itinip
duransyň.
Dowamy bar...