BISMILLÄHIR-RAHMÄNIR-RAHYM
Namaz yslamyň imandan soňky iň möhüm emridir.
Namaz diniň sütüni we musulmanlygyň binýat daşydyr, (Tirmizi).
Namaz imanyň alamatlaryndandyr.
Namaz ähli ybadatlaryň mazmunydyr.
Namaz – gul bilen Allahyň arasyndaky iň ýokary ýakynlyk, iň belent gatnaşyk we arassa hyzmatdyr.
Namaz – Allahyň gudratyna göz ýetiren, beýikliginiň öňünde akyly haýran bolan ynsanyň, bu hormatyny we haýran galmagyny iň mynasyp söz we hereketler bilen amal etmegidir.
Namaz – guluň günde bäş gezek Ýaradanyň huzuryna çykmagy, Onuň diwanynda durmagy diýmekdir. Ynsan bu beýik diwanda ähli mätäçligini we dileglerini hiç hili araçysyz, göni Allaha arz edýär, Oňa sygynýar, diňe Ondan ýardam dileýär. Şeýlelik bilen, Pygamberimiziň magrajda Allah bilen söhbetini musulman her namazynda simwoliki ýaşaýar. Bu syra yşarat edip, Pygamberimiz: «Namaz mü’miniň magrajydyr» diýipdir.
Namaz mahlukatyň ähli ybadat görnüşlerini özünde jemleýär. Kurany Kerimde beýan edilişine görä, ähli mahlukat Allah Tagalany hemişe zikir we tesbih edýändir.