.G_lachyn_B.
12.07.2020 14:20
Çagadan öwrenmeli...

Belki-de ýalňyşýandyryn,ýöne özüm-ä şu pikirde. Biziň entek
öwrenmeli zatlarymyz köp. Onda-da çagalardan. Hawa,hawa,çagalar
biziň köpümizden kämil. Nädip diýýäňmi? Sözümiň gury bolmazlygy
üçin birnäçe delilleri getireýin:
Begenmek. Çaga ýaly begenip bilmek. Megerem, iň gerek zatdyr.
Daş-töweregiňizde çaga barmy? Şoňa bir süýji ýa-da kiçiräjik jäjek
äberiň. Diriň-diriň böküşini görersiňiz. Biz bolsa...Allatagallanyň bize
beren şeýle uly peşgeşleri gözümize az görünip, ondan närazy bolýarys.
”Onda maşyn bar,oň öýi meňkiden gowy...” Eýsem biz näme üçin
mydama özümiziňkiden gowy zady bolanlara seredýäris? Näme üçin
pes ýaşaýanlara seredemzok? Göwniýetmezçilikdenmi? Islendik adam
baýap ugrasa tumşugy asmana salam berip ugraýar we diňe özünden
ýokardakylary görýär.Peslere seredesem gelenok.Ine bar mesele
şonda.Geliň,çagalardan begenmegi öwreneliň.Şükür etmegi
öwreneliň. Şonda durmuşymyz reňk goşulyp, gözelleşip ugrar.
Bagyşlamak Üns berip gördüňizmi? Çagalar uzak gaty görüşenok.
Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyr welin bu gün eýýäm
gülüşip,oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler.Biz näme?Iki-üç ýyllap
gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar.Ýüregmizde şol öňki
kineleri göterip ýörüs.Soňam şol kineler ýürege agram salyp
ýüregagyrydan ejir çekýäris. Alla adamlaryň günäsini bagyşlaýar,biz
başaramzok, kiçilik bilýäs bagyşla diýmegi.Biz näme eýsem Alladanam
beýikmi?Ýok,elbetde ýok. Onda näme?Onda näme üçin bagyşlamaly
däl? Geliň, bagyşlamagy öwreneliň. Şonda özümiziňem bagyşlanmak
mümkinçiligimiz artar. Şonda biziň jemgyýetimiz öňküsinden has öser,
has beýgeler.
Hyzmat etmek. Çagalara bir jäjek,oýunjak sowgat berip görüň, çaga
üçin senden gowy adam ýok. ”Bar köşegim ony al, muny äkit” diýseň
ylgaşlap,näme diýseň edip ýörendir.Eýsem bize şunça zatlary peşgeş
eden Allaha näme üçin hyzmat etmeli däl? Jogap berip biljek ýok bolsa
gerek. Bärde jogap berere zadam ýok. Biziň ýalňyşlygymyz.Ine bar
bolany.
8
1 084
Blume?
12 Iýul 2020
Sende guna yok bolsa nm un bagyshla diyjek
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.