Dowamy...
Ýer titränden soň Aman Çärjewde işledi. Soň ol Aşgabada gelensoň: «Gelneje, işlän bolaňda näme aljak?!
Çagalaryň arasynda otur. Kömek ederin» diýdi. Kömegem etdi. Oň daşyndanam Şaly bilen çagalara 120 manat alýardym. Çagalar okuwdan çykansoň o pulam kesdiler-de,
Kyrk manat berip başladylar. Şol kyrk manady aldym ýördüm, aldym ýördüm. Şalyny tanaýan pensionerler «Näme üçin sen SK ýüz tutaňok» diýýärler. «SK-da näme işim bar»
diýýän. Ahyry ministr Kekilowanyň pensiýasyny 60 manat bir etjek bolalyň» diýipdir. Indem bir ýyldan bäri 60 manatpensiýa alýan.
Günüme elli köpükden düşýä. Goňşulam «Bibi eje, günüňe bir manat bilen ýaşap bilýäňmi?» diýip soraýarlar.
60 manadam näme şu ýaşikden alýan, o ýaşikde-de töläp gaýdýan. Işläýin diýsemem, gurbum ýok. Golaýda urşa
gidip gelmedikleň yzynda galan dul gelinleri ýygnadylar.
Adymy tutan bolmady.
— Bibi eje, gaýrat ediň-dä! Kynçylygy şu gün görmeli däl-ä siz.
— Ýok, jigi, günümden nalamok. Açlygynam gördük, ýalaňaçlygynam. Baş alyp çykdyk. Bir dilegim, ýurt abatlygy bolsun. Uruş-jenjel bolmasyn. Biz gördük, bizden soňkular welin görmesin indi bu zatlary.
Dekabr, 1989.
Dowamy bar...